❤GÜLHANYYM❤
24.06.2022 00:48
😊Öwrenmeliñ agzalaryna.🤗
Bir gün,şeýle gowy pikir,
Geldi Admin kellesine,
"-Agzalara aýdyp men,
Çagyraýyn dessine."
Onsoñ bildiriş asdy
Öwrenmeliñ postyna,
"-Aşgabat merkezinde,
Üşeliñ futboluma,
Iki topar döredip,
Ýigitlermiz ýaryşar,
Gyzlarmyz balet edip,
Şowhunluja gülüşer."
Soñam tertip bolunsa,
Garbanarys "Altyn"da
Gowy duşuşyk bolar,
Tiz gelseñiz wagtynda."
Begendi hemme agza,
Goşlaryny jemledi,
Her welaýat haýdaşyp,
Aşgabada ugrady.
Marydan gaýtdy,Aýna,
Merjen hem Guzela
Daşogyz wokzalynda,
Şasoltan,Zümerret,Şirnazar.
Zoluşka,Gülhan,Lord,Kyýas,
Hem Kümüş,
Lebapdan ugradylar.
Esli wagt geçensoñ,
Geldiler meýdançasyna,
Ýöne Marly myhmanlar,
Azaşypdyr ýodada
Berkarara bardylar,
Aýna girdi "Zynat"a,
Merjen girdi "Kämil"e,
Näme etjegni bilmän,
Guzela esli oýlandy,
Maşyn süresi gelip,
"Nirdekä"diýip aýlandy.
Gözel köýnekler geýip,
Aýna alman durmady,
Merjen şokolat görüp,
Ala-ala doýmady.
Kassa baranda bolsa,
Tylla bilen sataşdy,
Azaşan myhmanlary,
Ýerlerine eltişdi.
Görseler hemme agza,
Gelipdir synlamaga.
Boldy oýunyñ wagty,
Başlady şowly waka.
Hasapçylar saýlandy,
Matematik Bahardy,
Ikinjisi bolsa
Uly çotly Çarydy,
Birinji topy depdi,
Zehinlije Alfons
Ol topy Ylham89 gapdy.
Futboldygy bilip,
Goýdy topy dessine,
Woleýbolmyka oýlapdy,
Çete çykdy assyna.
Çykardylar oýundan,
Ýerine geçipdi Perman.
Ýaryş gyzyp başlady.
Iñ kiçisi bolansoñ,
Allanur top daşady,
Şirnazar 3 gol geçirdi.
YlhamG23 hasda tijendi.
Depen topy geçmedi
1.86metirli IDEALLIDER'iñ,
Ony Hojam saklapdy,
Heşelle kakdy Jennet,
Iç goşun çaýkap güldi,
Ony gören Rameo
Juda gahary geldi.
Bir asmana böküp,
Iki sapar pyrlandy,
Depen topy nyşana,
Jennetiñ kellesne bardy.
Kelläñ gatylygy üçin,
Hiç agyry duýmady,
Ol top yzna gaýdyp,
Selbiñ mañlaýna degdi,
Arkasynda otyran
Dusiyanam ýykypdy,
Ikisi gorkuzjak bolup,
Çaşan bolup ýatdylar,
Ylgap gelip Bagtyýar,
Haýdap pulsyn ölçedi,
Selbi diýdi oturyp,
"-Juletdaña kim seniñ?"
Gol geçiren Rameo,
Gùlùp gözi ýaşardy,
"-Bir topda üç towşan,
Awçylaryñ beti men"
Has güýjedi gülkiler
Meýdançada ýañlandy,
Ýoldan barýan iki gelneje,
Birdan nazar aýlady.
"-Bäh nähili gülki bu,
Ýa-da sirk zat barmyka?
Şol tarapa.öwrüldi.
Baryp görse,agzalardy hemmesi.
Paradise bilen Gülşat
Gelneje hem synlady.
Hemme gülüp bolansoñ,
Jennet durup bilmedi,
Apteçkama göz aýlap,
Ukol etdim demadrol,
Başga çäre galmady.
Bu Jennediñ emidi.
Hasap näçe bolany
Soradylar Çarydan,
Jañ edipdi söýgülsi,
Sanamandy arada.
Turdy uly jenjele
Hemme Çara käýedi,
Bahar aýdan soñ bolsa,
Top depdi Myrataly,
Ýalñyzja"Waow"dp gygyrdy,
Ah şondada bolmady,
Babu güýçli saklady.
Oýunda ýeñji boldy,
Birinji Bürgüt topar.
Günem batyp barýardy.
Indi kafe gitmeli.
Tertipli bolup bir az
Garbak gurbak etmeli,
Bardylar,ýerleşdiler,
Boş orunam galmandy,
Nahardan soñ çaý geldi,
Hiç kemçilik bolmandy.
Soñky galan Kit-kata
Serwi gözüni dikdi,
Ony gören Gùlnar'a
Derrew elin uzatdy.
Birdan dişi agyryp,
Barja keýpi bozuldy,
Arslan dentis ýetişip,
Dişi üçin em etdi.
Bir gözel gyzy görüp,
Şamko çaldy gitara,
Şirnazar goşgy goşdy,
Mert üçin galam ala.
Köwser jümle sözledi.
Peri eser ýatlady.
Myhman aldy Gülhanym
Gyzlary öz öýüne,
Syr şondada aýtmady,
Özi barda hiç kime.
Erteki aýtdy Dusia,
Körpejagaz uklady,
Birdan gapy kakyldy,
Aýgül gorkup bukuldy.
Milaýa gözni açyp,
"-Bir goýnumyz galandyr"
Gapyny açyp görsem,
Eli sumkaly Merjen(Övezowa)
Hassyllap öýe girdi.
Soradylar goşuny,
Alypdyr kafeñ saboi.
Sapa Hommañ goşgusyn,
Gussam okap aglatdy,
Wagt bir çen bolansoñ,
Gülkäbe birdan darykdy.
Jemal bilen sòz alşyp,
Boldular jopba-jora.
Duşuşykda ýoklara,
Birje diýjek sözüm bar,
Gaty görmäñ doganlar,
Ýene gün kän,postlar kän.
Birdan adyñyz tutman,
Geçen bolsam bagyşlañ,
Ýa-da gülüp öteräk,
Öýke bolsa bagyşlañ.
Janyñyz mydam sag bolsun,
Dogan deýin saýanlam,
Abraýyñyz dag bolup,
Bagt guşy bolup gaýanlar!(*_*)😊
23
375
ilhano_va
28 Awgust 2023
@shiraly, düzenlerda nesip bolsa. Menem elimden gelen komegi ederin.🤝🏻
shiraly
28 Awgust 2023
@kowser, Bilmedim. . . 😕
ilhano_va
28 Awgust 2023
@shiraly, wi bolmandyr ola. Yöne bir nomerdan akunt bolsa taze akaunty kabul edenok. Siz onna başga nomerdan akunt açan bolmaly?
shiraly
27 Awgust 2023
@kowser, Post goyup bolmady. Tazeden girjek bollum welinem bolmady. . . 😕
ilhano_va
27 Awgust 2023
@shiraly, arada köne akauntyňyza giripdiniza. Soň name bolly girip bilmediniz?
shiraly
27 Awgust 2023
@kowser, Boliala
ilhano_va
27 Awgust 2023
@shiraly, ha men başgaça düşünüpdirin bagyşlaň:))
shiraly
27 Awgust 2023
@kowser, Ai sizin adynyz bolmasa bolmaza diymek isledim. Erwet zat dal. 😕
ilhano_va
27 Awgust 2023
@shiraly, ýok näme üçin hemme yerde bar oname diydiginiz??
shiraly
27 Awgust 2023
@kowser, Seninki hemme yerde bara.?! 😇🤭
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.