1)Ýagyş herkimiň üstine ýagar.
2) Günäňi bagyşlamakdan lezzet alýanyňy bilýän bolsalardy. saňa ýaranmak üçin ýakynlaryň günä iş ederdiler.
3)Ömrüň soňuna çenli eşege münmekdenä, bir ýyl ata münmek gowydyr.
4) Bir gezek öýlenmek zerur işdir, ikinji gezek öýlenmek wagt geçirmekdir, üçinji gezek öýlenmek dälilikdir.
5) Zenanyň gözi öýi arassalar.
6) Ýerime geçip ýatan wagtym aladalarymy eşiklerimde goýýaryn.
7)Kitaplar kerlere seslenen dilsiz doslardyr.
8) Iň uly gorkyň öz ýalanlaryňdyr.
9) Maňa kemçilikleriňi aýt, özüňkileri bolsa düzet
10)Sowatsyzlaryň ýeke ýolbaşylyk hereketleri kakasyndan görenidir.
11)Ynsan her tejribäni ýaşar ýaly görer ýaly uzak ýaşamaz.
12)Ynsanyň guýysy guramasa, suwyny göresi gelmez.
13)Eje-Kakalaryň çagalaryna berip biljek iň gymmatly sowgady, günlerinden epesli wagtdyr.
14) Gerek bolan zady etmek iň aňsat çözgütdir.
15) Durmuş serhoş bolan ýalydyr. Lezzet gider kella agyry galar.
16)Gorky bilen geçen durmuş ýarym ýaşalam durmuşdur.
17) Bir zenana etmeli däl zatlary aýtmak oňa nämeler edip biljegini görkezmekdir.
18) Sabrly adam bir iňňe bilen guýy gazar
19) Ata gedemlik edip münen öýine ýöräp geler.
20)Giç bolany hiç bolmanyndan gowydyr.21)Birlikden güýç-kuwwat dörär.
22)Wagt uly bir dermandyr.
23)Ýaşa we ýaşar
24)Pul gazanmak dyrnak bilen çukur gazmaga, puly ýitirmek gumlara suw dökmäge meňzär.
25)Ussat sungatçydyr diýip bilmek üçin halypaňy geçmek we özüňi özüňden geşjek bir şägirt ýetişdirmekdir.
26)Bu gün üçin ýaşa,ertir üçin arzuw et, düýniňden öwren.
27)Birlik bolmasa dirilik bolmaz.
28)Bir kaka dokuz çagany eklär emma dokuz çaga bir kakany eklemez.
29)A:jyň garny doýar gözi doýmaz.
30)Pyçak ýarasy biter, emma dil ýarasy bitmez.
31)Ýigit meýdana çykanda bellidir.
32)Eliňden gelýärkä erbetlige böwet bolmaýan ony tassyklaýan(goldaýan) diýmekdir.
33)Her gün öz elleriň bilen guran ýollaryňdan ýöreseň barmaly ýeriňe bararsyň.
34)Zenanlary erkekler olar terk edende özüne guwanma we naýynsaplyga eýe bolýarlar. Kalby dogry bolmaýan hiçbir iş etmelidäl.
35) Düýe gurulykda ýörär, ýöne birem ony batgalykda gör.
36)Geçiniň baş aýagy boljagyňa, goýnuň guýrygy bol.
37) Howlykmaýan towşana ýetişer.
38)Kör towyga her ýer dardyr.
39) Ýylan kowalasa ýola, düýe kowalasa beýiklige gaç.
40) Okaman molla bolan, gagyldamaýan garga bolar.