❤GÜLHANYYM❤
23.06.2022 20:57
•Kimde-kimiň pikiri aýdyň, maksady belent bolsa, şol adamyň içki dünýäsi gözel, owadan, mähriban bolýar.
•Geçirimli bolmaly, erbetligi gursagyňda göterip ýörmän unutmaly.
•Gülüp, şat bolup, lezzet alýan çagyň ömrüň hasabyndan aýrylýar.
•Suhangoýlük - ruhubelentligiň özenidir.
•Gahar atyna atlanan çagyň, ömrüňden kemilýär. •Gahar hem özüňe, hem gapdalyňdakylara kast edýär.
(Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy)

•Bahyl adam duşmanyna ýamanlyk edýändirin öýdüp, öz-özüni gam gussa batyrýar.
(Demokrit, gadymy ýunan pelsepeçisi)

•Gabanjaňlyk başgalara garanyňda özüňe köp ýamanlyk etmegiň sungatydyr.
(A. Dýuma, fransuz ýazyjysy)

•Akyl - adamyň ruhy ýaragydyr.
(W. Belinskiý)

•Biriniň öýüne barsaň, gözüňe, diliňe bek bol!
Erbetlik ýüze çykan jaýdan uzaklaş!
(Ibn Sina)

•Isleg - pikiriň atasydyr.
(W. Şekspir, iňlis dramaturgy, şahyry).

•Adamlar, ynsanperwer boluň! Adamkärçilikli bolmak - bu siziň ilkinji borjuňyzdyr.
(J. Russo, fransuz pelsepeçisi, aň-bilim ýaýradyjysy, ýazyjysy.)

•Oňat adamlaryň göwni-garny ýokdur.
(Gýote, nemes şahyry, akyldary)

•Uly ýüregem edil umman ýaly hiç haçan doňýan däldir.
(Berne, nemes ýazyjysy, publisist)

•Ynsanyň pähim-paýhasy onuň ýumrugyndanam güýçlidir.
(Rable, fransuz ýazyjysy)

•Diňlemäni öwren, sen şonda hatda ýaramaz gürleýändenem peýdaly zat alarsyň.
(Plutarh, gadymy ýunan ýazyjysy, taryhçysy we pelsepeçisi)

•Wagt - beýik mugallymdyr
(E. Býork, iňlis syýasy işgäri we publisisti.

•Wagtynyň ýitirilmegine gynanýan adam iň akylly adamdyr.
(A. Dante, italýan şahyry, alymy.)
12
84
ideallider
23 Iýun 2022
Agamyň öýünde myhmandym, ýene bir myhman gelip ol gelen myhman meň bilen ýaşytdaş bolup, agamyň gyzyny gözi bilen ellejek boldy. Soňra meň "Gaçaýmasyn ýere eliň bilen sakla" diýdimweli derrew başga tarapa seretdi. Men oňa "Gözüň gaçaýmasyn" manyda aýtdymweli düşündimikä. Aýdypdyrlara "Myhmançylyga barsaň gözüňi göra" diýip😄👍
ŞirnazarTaganow
23 Iýun 2022
💖👍🔥........
❤GÜLHANYYM❤
23 Iýun 2022
wordless,elbetde...
awesome
23 Iýun 2022
İň soňka birja zat goşasym gelýär. Dogry, ýöne okamak we öwrenmek üçin ýitirilen wagt mydama degýändir.
Shasoltan
23 Iýun 2022
👍👍👍👍👍
Myrataly
23 Iýun 2022
❤GÜLHANYYM❤, respect berekella diyesim gelyar 👏
❤GÜLHANYYM❤
23 Iýun 2022
Myrataly,öz teswirimdäki ýazanym,hawa..?
Gussam
23 Iýun 2022
(•‿•)
Myrataly
23 Iýun 2022
❤GÜLHANYYM❤,Awtory senmi soňkyň
❤GÜLHANYYM❤
23 Iýun 2022
Düşünmegi başarsañ,şänigiñ içinden mañyzyñ özi çykar...!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.