Dusia
23.06.2022 08:07

Lukman hekim öz ogluna şeýle ündew edipdir:

    —Ogul! uzak sagdyn bolar diýseň elmydama iň gowy iýmitleri iý,  iň ýumşak ýatakda ýat, iň gowy şertleri bolan öýde ýaşa...

Ogly kakasynyň bu sözlerinden kanagatlanman:

    —Diýýäniňiz boluberýärmi kaka?! Her kim gurby ýetenini ýaşaýar bu dünýede, sizem şeýlediňiz bizem...

Şonda kakasy näme jogap berýär?!  

Onda ine beren jogaby:

  Diňe ajyganyňdan soň nahar iýseň iň gowy nahary iýdigiň bolar,

    Köp işläniňden soň ýatagyňa geçseň iň rahat düşekde ukladygyň bolar,

    Adamlar bilen gowy aragatnaşykda bolsaň, ynamyň berk sütünini gurarsyň we köşk ýaly öýde ýaşan ýaly bolarsyň!

16
174
Myhman Myhman
27 Iýun 2022
It's very good advise for people.
Relax
23 Iýun 2022
👏👏👏....
Dusia
23 Iýun 2022
Jogaby goýdum!
ideallider
23 Iýun 2022
Iň ýumşak düşek, hehe içi gyzgyn suwly matrasa edinesim gelýä😊👍
Student
23 Iýun 2022
Jemal Seyitniyazowa gosulyan. 👍
jemal_seyitniyazowa
23 Iýun 2022
Dusia,💙🦋
Dusia
23 Iýun 2022
JemalSeyitniyazowa, dogry 👍
jemal_seyitniyazowa
23 Iýun 2022
Ýadap iýen iýmitiň iň gowy iýmit; ýadap ýatan ýatagyň iň ýumşak we rahat ýatak bolar; aýalyň bilen oňuşup agzybir ýaşa

Meň özüm üçinä şular gowy sebäbi ýadap ýerde biraz bilimi ýazaýyn diýemdede iň ýumşak ýer bolýa😁
Dusia
23 Iýun 2022
JemalSeyitniyazowa, golaýladyň 😁👏
jemal_seyitniyazowa
23 Iýun 2022
Öz halal gazanan puluň bilen alan iýmitiň iň süyji iýmit; öýe ýadap geleňsoň ýatan düşegiň iň rahat ýatagyň bolar; çagalaryň aýalyň bilen agzybir bol iň uly baýlykdyr diýjek bolýamyka diyän...♡
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.