Hemmaniñ gyzyklanyan "Gyzyl kitaby" barada gysgaca maglumatlar ...
Ýitmek howpy abanýan görnüşleriň goragyny üpjün etmek üçin olaryň ýörite sanawy girizilen wagtlaýyn resminama – Gyzyl kitap döredilýär. Ilkinji Gyzyl kitap Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşigi (häzirki atlandyrylyşy – Tebigaty goramagyň bütindünýä bileleşigi) tarapyndan 1966-njy ýylda döredildi. Bu halkara bileleşik täjirjilik däl guramasy bolup, ol 1948-nji ýylda döredilýär. Onuň ştab-kwartirasy Morž şäherinde (Şweýsariýa) ýerleşen. Bileleşigiň düzümine dünýäniň 84 döwleti, biodürliligi goramak meseleleri bilen meşgullanýan ýüzlerçe täjirçilik bileleşikleri we müňlerçe alymlar girýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyz hem bu bileleşigiň işjeň agzasydyr.
Türkmenistanyň ilkinji Gyzyl kitaby 1985-nji ýylda çap edilýär. 1999-njy ýylda çap edilen ikinji neşiri iki tomdan ybaratdy. Birinji tomy 152 sany haýwan görnüşlerini we ikinji tomy 149 sany ösümlik görnüşlerini öz içine alýarlar. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 2011-nji ýylda çap edilen üçünji neşiri hem iki tomdan ybarat bolup, üç dilde (türkmen, iňlis, rus) ýazylan. Birinji tomy “Ösümlikler we kömelekler” diýlip atlandyrylyp, öz içine 115 ösümlik görnüşini alýar. Ikinji tomy “ Öňurgasyz we oňurgaly haýwanlar” diýlip atlandyrylýar we 149 haýwan görnüşleririni öz içine alýar.
Gyzyl kitaba atlary ýazylan ösümlikleriň we haýwanlaryň her bir görnüşi baradaky maglumatlar pugta tertipde we şunuň ýaly görnüşdäki kesgitlenen yzygiderlilikde beýan edilýär: ýagdaýy (derejesi); genofondy gorap saklamakda ähmiýeti; gysgaça beýany; ýaýraýşy; ýaşaýan ýerleri; sany we onuň üýtgemek ýagdaýy; esasy çäklendiriji sebäpler; biologiýasynyň aýratynlyklary; köpeldilişi (haýwanlar), ösdürilip ýetişdirilişi (ösümlikler); gorag üçin görlen çäreler; bar-laglar býunça teklipler.
Gyzyl kitap – wagtlaýyn hereket edýän resminamadyr. Ösümlikleriň we haýwanlaryň ol ýa-da beýleki görnüşiniň ýaşamagy üçin howply ýagdaýyň üýtgemegi, olary goramak boýunça çäreler bilen baglanyşyklylykda, ondaky maglumatlaryň üsti ýetirilýär, kämilleşdirilýär.
Bu barada: tk.m.wikipedia. org.aydyar .