Söýgi hakda bâş söhbet ...
Ömrüň manysy
Hakyň yşkyny tapmak hem-de hemişelik Hakyň yşkynda
bolmak. Munuň özi adam şahsyýetiniň kämilligini kesgitleýär. Adam ömri
şahyryň şygyrlarynda iki hili tipe bölünýär — yşky ömür, yşksyz ömür. Birinjis
manylylyk bilen, ikinjisi bimanylylyk bilen häsiýetlenýär.
Manyly ömür- açyk ömür, çünki onuň soňy bakylyga sapylýar, bimany
ömür ölüm bilen tamam bolýar. Emma bakylyga lezzetli üznüksizlik, hemişelik
diýip düşünmeli däl. Munuň özi bakylyga nädogry, mukdar düşünilişi bolardy.
Iman - ölümiň gapma-garşylygy.
Iman -ahlak azatlygy.
Iman - ölümden soňky şahsy dirilik manysynda düşündirilýär. Hindileriň
bu baradaky ynançlaryny gürrüň bereýin: janly organizmleriň ewolýusiýasy
adama ýetip, tamam bolýar. Adamdan ruhy ewolýusiýa başlanýar. Adam tene
mahsus ähli höweslerden hem sypatlardan halas bolup bilse, onuň teniniň
içinde daş sypaty boýunça edil şol tene meňzeş ruhy indiwid döreýär. Haçanda
ten ölende, ol şahs - sap ruhy, emma adam şekilindäki şahs, bakylyk
dünýäsine uçup gidýär. şol şahs imandyr.
Adam ömrüniň Nowruzy düyşe meňzeýär. Aslynda, ähli geçmişiň düýşe
meňzemek häsiýeti bar.
Yaşaýşyň düýşdügi baradaky syzgy adamda agyr ukudan soň peýda
bolýar. Göz önüne getirip görüň, siz ukudan oýandyňyz, emma entek doly
aýňalaňzok. Göz yalpa açylandan entek siz dünýä gaýdyp geleňzok, birdenem,
akyl oýanýar-da, bary-ýogy birnäçe salymyň içinde ukudan öňki zatlar
hakyda gelýär. Sizi geň bir hili duýgy gurşap alýar, bolan wakalar saňa edil
düýş ýaly bolup düşnüksiz syrly täsirliligini özünde saklaýar. Ölüm mütdeti
gelende, ömür hem şeýle düýşe öwrülýärmikä?!
Düýş - beýniniň haýsydyr bir sebäbe görä uklaman galan öýjükleriniň
birden oyanmagy diýýärler. Onda ömür hem kaza dolandan soň, uklaman
galan jan öýjükleri bolmaly!
Osman Ödâyew _Söygi hakda bâş söhbet .