Bir güni bir garryja ýaşula garap
Aýtdym adamlaryň üýtgeşigin sanap
Biriniň bolmasa-da ýekeje goly
Şol-da bolupdyrmyş dünýäň Çempiony
Ýene biriniň bolmasa-da aýagy
Ýeňijimiş küreklemekde gaýygy
Biri bar eken, hiç görmese-de gözi
On mergene degýärmiş, ýekeje özi
Biriniň bolmasa-da çeperje dili
Diňledip oturanmyş giden bir ili
Görüpdim bir serhoşy. (Aýtýanym dogry)
Şeýle bir meý içýärdi, ýok ýaly bagry
Bir husyt görüpdim, diňe pul geregi
Bilsem, ynsapsyzyň ýok eken ýüregi
Oýlansam ýene-de tapylaram yzy
Wagtym ýokdy. Şol ýerde kesipdim sözi
Boldum diýenimde sözlerimi jemläp
Ýaşuly bir es etdi, gözlerin geňläp
Uludan demin alyp, diýdi - han ogul
Bir ýerini kem galdyrdyň-la jan ogul
Ol aýtýanlaryň bolsa-da geň görülýän
Indi “Kellesizler” has-da köp görülýär
Ylham GURBANALYÝEW (2015)