Gülüň häsiýeti
Gülüň häsiýetini hemmeler biler,
Ol öz ýaşap biljek gurşawna bakar.
Ol çölde yaşasa gum bolup gider,
Sährada ýaşasa gül bolup çykar.
Ynsan häsiýetinem hemmeler bilýär:
Erbetler erbetdir, gowylar gowy.
Ýöne onuň sebäpkäri özi däl,
Oň sebäbi - öz ýaşaýan gurşawy.