Erkekligiň nirede?
Erkek diýýâr, kâbirleri özine,
Hany seniň, erkekligiň nirede?
Bir köpük peýdaň ýok aýala bala,
Hany seniň, erkekligiň nirede?
Saklap bilmersiň sen, namysyn gelniň
Gepleseň adama, ýetenok göwniň,
Diňe dosta ýara berýârsiň puluň,
Hany seniň, erkekligiň nirede?
Öz perzendiň, bogazyndan gysýaň sen,
Çilime araga, baýa tapýaň sen,
Gepleseň ýokarda burnuň tutýaň sen,
Hany seniň, erkekligiň nirede?
Türpe jenan gelniň, bezâp dur töruň,
Alaýda şoň, öýde geýjek köýnegin,
Diňe öz aladaň gaýgyň hem derdiň,
Hany seniň, erkekligiň nirede?
Utanç bora, pul soramak gelinden,
Girdejiň bar, hiç zat gelmez eliňden,
Aýgül şahyr sözle munda bileniňden,
Hany seniň, erkekligiň nirede?
Awtory:Öwlüýâgulyýewa Aýgül.