perizadym
20.06.2022 00:13
Oňat duýgulary çaga döretdi
Ýönekeý meselem , gülmek duýgusy
Neçün adam , ol duýgyny eretdi?!
Ýönekeý bir sebäp , durmuş gaýgysy.

Iň gowy häsiýeti çaga döretdi
Dost bilen uruşsaň , tiz çalt ýaraşmak.
Ulular hem başga kanun ýöretdi
Dost bilen uruşsaň köp wagt garaşmak.

Iň gowy niýeti çaga döretdi
Urş söwüşsiz agzybirje ýaşamak.
Ulular hem ol niýeti kül etdi
Daş bilen urany , ýene daşlamak.

Dogry...aglamagam çaga döretdi
Emma olaň agysyndan zyýan yok.
Zyýanly agyny bizler döretdik
Sebäp?! Hiç kim öz ýalňyşyn görenok.

Bu geň dünýäň sanlyja alymlary
Şu wagta çen , sanlyja zat döretdi.
Ulular köp zady döredýär , emma
Ol "eje" sözünem çaga döretdi...
7
46
ay_kiz_
20 Iýun 2022
🦋🦋🦋🦋🦋🦋
perizadym
20 Iýun 2022
Kyýas2017, Begençmämmet Esenmämmedow.
kyyas2017
20 Iýun 2022
awtpry kim 👍
❤❤❤Gülkäbe❤❤❤
20 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.