Apple kompaniýasy ýedi ýyldan soň dünýäniň iň gymmat brendleriniň sanawynda birinji orna gaýdyp geldi. Bu barada BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands ýyllyk hasabatynda aýdylýar diýip, interfax.ru habar berýär.
Apple brendiniň bahasy geçen ýyl 55% ýokarlanyp, 947,1 mlrd dollara ýetdi. Ikinji orny brendiniň bahasy 79% gymmatlap, 819,6 mlrd dollara ýeten Google eýeledi. Geçen ýylyň lideri Amazon bolsa brendiniň bahasyny bary-ýogy 3% ýokarlandyryp bildi, şeýlelikde ol 705,6 mlrd dollar netije bilen üçünji orna düşdi.
Sanawda dördünji orny Microsoft saklap galdy (ösüş 49%, 611,5 mlrd dollara çenli), bäşinji orny brendiniň bahasynyň 11%, ýagny 214 mlrd dollara çenli peselendigine garamazdan, Hytaýyň Tencent internet ägirdi eýeledi.
Şeýle-de, dünýäniň iň gymmat brendleriniň onlugyna McDonald’s (+27%, $196,5 mlrd), Visa (bahasy $191 mlrd derejesinde galdy), Facebook (pese gaçyş 18%, $186,4 mlrd çenli), Alibaba (pese gaçyş 29%, $170 mlrd çenli) we Louis Vuitton (ösüş 64%, $124,3 mlrd çenli) girdi.
Iň çalt ösýän brend Cartier boldy, onuň bahasy bir ýylda 88% ýokarlanyp, 10,1 mlrd dollara ýetdi. YouTube brendi 83% gymmatlap, 86,2 mlrd dollara ýetdi. Tesla brendiniň bahasy 78%, 75,9 mlrd dollara çenli ýokarlandy.
Dünýäniň iň gymmat brendleriniň Brandz Top 100 reýtingi Kantar agentligi tarapyndan 2006-njy ýyldan bäri düzülýär. Reýting düzülende kompaniýalaryň maliýe görkezijileri we 4,1 milliondan gowrak sarp edijiniň seslenmeleri göz öňünde tutulýar.
Çeşme: TmCars