zumerret_
19.06.2022 14:55
Dogry iýmitlenmek hakda Ibn Sinanyň pentlerinden

Iýeniňizde işdä bilen iýiň, eger işdäňiz ýok bolsa, naharlanmakdan saklanyň. Uzak aç gezmäň, çünki açlygyň netijesinde aşgazan ýaramaz şirelerden dolýar;

Iýmiti oňat siňdirmek üçin berhiziň şu görnüşini peýdalanyň: ilki günde bir gezek, ertesi gün bolsa iki gezek — irden we agşamyna naharlanyň;

Gyşyna gyzgyn nahar iýiň, tomsuna sowuk ýa-da ýyly iýmitler bilen naharlanyň;

Göwnüçökgünlik, şeýle hem işjeň hereketde bolmazlyk iýmitiň kadaly siňmegine päsgel berýär;

Eger naharlananyňyzdan soňra gyzgynyňyz galýan bolsa, howlukman, az-azdan iýiň;

Semiz adamlara hammamdan soň dessine naharlanmak zyýanlydyr, iň gowusy, biraz garaşyň we ýatyp ukyňyzy alyň. Olara günde bir gezek naharlanmak peýdaly bolar;

Gowy naharlananyňyzdan soňra uklamak ýa-da işjeň hereketde bolmak peýdaly däldir. Şeýle hem köp suw içmäň, sebäbi suw aşgazanyň iýmiti özleşdirmegine päsgel berýär;

Adam gartaşanda iýmitini kemse ýagşy, çünki onuň bedeni üçin iýmit artykmaç ýüke öwrülýär;

Çakdanaşa köp iýmek zyýanlydyr. Ol iýmitiň siňmegini kynlaşdyrýar we aşgazanda çig şireleriň mukdaryny köpeldýär. Netijede içege ýollary dykylýar, ynsan ysgyndan gaçýar hem-de podagra ýaly birgiden keseller döreýär;

Ýeterliksiz iýmitlenme, az iýmek hem zyýanly, çünki ol adamy tapdan gaçyrýar, horlaýar, baş aýlanma döredýär;

Fiziki türgenleşiklerden, hammamdan soň açlygyňa suw içmek hem peýdaly däldir;

Eger garnyňyzy mazaly doýrup ýatan bolsaňyz, gijesine suwsap turmak tebigy ýagdaýdyr, emma beýle ýagdaýda köp suw içmän, diňe agzyňy suw bilen çaýkamak ýa-da turup arassa howada gezim etmek dogry bolar;

Suwy birbada başyňyza çekip däl-de, eýsem, az-azdan owurtlap içmek ýerliklidir.

Taýýarlan Hemra HUDAÝGULYÝEW,

žurnalist.
size yetiren :Zümerret🌺🐇
14
129
Myhman Myhman
15 Iýun 2023
,😇🥰🥰🥰😙
ay_kiz_
20 Iýun 2022
Trend🤗🤗🤗👸🌹💖👏👏👏
ay_kiz_
19 Iýun 2022
💫💫💫💫💫💫
ArslanYazly
19 Iýun 2022
Zümerret🌺,bah nirden bildiñaý 😯👏
Myrataly
19 Iýun 2022
Zümerret🌺, hahaha owren onda
ArslanYazly
19 Iýun 2022
Zümerret🌺,señ pikiriñce?
Myrataly
19 Iýun 2022
Zümerret🌺,hawala tuwelem

Zümerret🌺,tuweleme onam ediniň

Zümerret🌺,sagyp bilyanmi duyani
ArslanYazly
19 Iýun 2022
Zümerret🌺,eýwuuu yokdeý geñ galamokdeý

Zümerret🌺,ohoo Salam bolsun Dz iline 👋
ArslanYazly
19 Iýun 2022
Zümerret🌺,wii bagyşla men orsynça birzatmyka diýip 🤦‍♂️

Zümerret🌺,nireli özüñ?
ArslanYazly
19 Iýun 2022
Zümerret🌺,🤔

Zümerret🌺,yok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.