ylham_gurbanaly
18.06.2022 12:38
Çala pul görünse, ýitirmäň erki
Saglykdyr-baýlyk, ähli zatdan ilki
Bulaşdyrmaň hiç, boýag bilen görki
Gözellik elmydam kalpda bolmaly

Ulumsylyk adamy etse guly
Özinden başgany görkezmez uly
Meñzeşdirmäň hiç gürrüň bilen syry
Çyn syrlar elmydam gulpda bolmaly

Azaldy türkmende Alp-Arslan, Sanjar
Hak dostlar arkadan urarmyş hanjar
Nadany elmydam Taňrysy ýenjer
Pespällik ýokary gürpde bolmaly

Her pullynyň boldy-işleri şowly
Haram eklenç, maşyn, owadan howly
Haçan oýanjak sen, eý adam ogly
Haram däl, halaldan gurpda bolmaly

Ýaşuly, ýaşkiçi, bilimli, ýaňra
Ajal gelse bir gün gitmeli aňra
Işiň düşdüginde ýalbarma Taňra
Allam ýürekde baş harpda bolmaly


Ylham GURBANALYÝEW

#2020
7
95
ylham_gurbanaly
18 Iýun 2022
SAHYRLARWEMEN, sagbol👍👏
sahyrlar_we_men
18 Iýun 2022
YGurbanaly23, gowy kapiyalasypdyr 👍🏻.
Gosgularâlemi
18 Iýun 2022
Sag bol
ylham_gurbanaly
18 Iýun 2022
Gosgularâlemi, Minnetdar! Siziňkem
perizadym
18 Iýun 2022
👍👍👏 gosga söz yok🔥👍surata: "Atdan ýykylmadyk seýis ýok munda , çyn awçydan gaçan keýik ýok munda , sen ýaşaber gardaş balagyña sygman , kepene sygmadyk beýik ýok munda "
Gosgularâlemi
18 Iýun 2022
Tüweleme galamyň ujy ýiti bolsun
ylham_gurbanaly
18 Iýun 2022
Gussam,Serwi,Student, minnetdar ýaran bolsa!
Student
18 Iýun 2022
👍Bäy- bä soz yok. Dine doredijilik yolunyzda ullakan ustunlik dilaymek galya
Gussam
18 Iýun 2022
Pespällik ýokary gürpde bolmaly👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.