Durmuş.
Ýaryň tapmak kyndyr munda,
Agyrdyr başyňda durmuş,
Agyrdar kellâňi günde,
Agyrdyr başyňda durmuş.
Tapylsa maňlaý başyňda,
Oturmaz günde gaşyňda,
Kâwagt akar ýaşyňda,
Agyrdyr başyňda durmuş.
Elbet-de iýersiň kötek,
Eşidersiň köp söz gödek,
Bolarsyň gapyda köpek,
Agyrdyr başyňda durmuş.
Göýâ her kim asylzada,
Rehim etmez adamzada,
Kâbirleri haramzada,
Agyrdyr başyňda durmuş.
Algy-bergi köpelerle,
Puluň bolsa çökererle,
Ýok jogaba göternerle,
Agyrdyr başyňda durmuş.
Duz-nanyňy paýlaşarsyň,
Ýasda mydam aglaşarsyň,
Pâl üýtgese azaşarsyň,
Agyrdyr başyňda durmuş.
Dogan bile dogan duşman,
Nadan ogul etdir puşman,
Ganat baglap günde uçman,
Agyrdyr başyňda durmuş.
Gurşap alar daşyň gepler,
Keýpi-sapa gezer köpler,
Kâ dogry kâ ýalan geplâr,
Agyrdyr başyňda durmuş.
Döz geler sen nije aja,
Duşaýsaň bir başyň iýjâ,
Pul getirmân diýer:"Aj:a",
Agyrdyr başyňda durmuş.
Her kim bir zat tamakyndyr,
Dünýede ýetimlik kyndyr,
Şum işe şeýtan ýakyndyr,
Agyrdyr başyňda durmuş.
Kylyň günde bâş vagt namaz,
Diňlâň munda ediň wagyz,
Gören ýerde açma agyz,
Agyrdyr başyňda durmuş.
Daşlaşmagyn imanyňdan,
Aýgül gora göz nanyňdan,
Geçmegin şirin janyňdan,
Agyrdyr başyňda durmuş.
Awtory:Öwlüýâgulyýewa Aýgül.