Dogrulyk beýiklige juda ýakyn durýandyr.
Manysyz geçýän ömür - ir ölüm tapmak ýalydyr.
Tejribeler - biziñ hemişelik durmuş mugallymymyzdyr.
Elinden gelýän işe däl , özi düşünmeýän işe baş goşan adam bagtsyzdyr.
Danalarça jogap bermeklerini isleseñ , danalarça sowal ber !
Millionlap okyja eýe bolmagy umyt etmedik şahyr bir setir hem ýazmazlygy gerek.
Iñ bagtly ynsan - başgalaryñ bagtyna guwanyp bilýän ynsandyr.
Dürli terbiýeçilik ähmiýetli hekaýalary we manyly sözleri toplamak - deñsiz baýlykdyr.
Bügün başlanmadyk iş , ertir gutarmaz.
Eger biz özümizi başgalaryñ ýerine goýup gören bolsak , olara bolan ýigrenjemiz ýogalan bolardy , eger biz başgalary özümiziñ ýerimize goýup görsek bizdäki men- menlik peselen bolardy.
Kim sabyrly bolsa şol hakdyr.
Gapma- garşy pikirleriñ ortasynda hakykat ýatýar diýýärler. Bolgusyz gürrüñ ! Olaryñ ortasynda diñeje mesele ýatýar.
Bir derdi ýeñip geçen ynsana bir şowlulyk garaşýar.