Hyýal gurma keseli...
Arzuw etmegi kim halanok diýsene ?! Adamlar näçe özlerine hakykatçyl diýseler-de, kiçijik bolsa-da hyýal gurýarlar. Käbirleri özlerini sahnada göz öňüne getirmegi halaýarlar, beýlekiler bolsa iş durmuşynda iň ýokary derejä çykmagy arzuw edýärler. Adamlaryň biri-birinden tapawutlanmagy arzuwlarynyň üýtgemegine-de sebäp bolýar. Bu muşakgatly dünýäni arzuwsyz çekmek aňsat bolarmydy eýse?
Kämahal mümkin däl ýaly görünýän ýagdaýlar we wakalar aňymyzda we hyýalymyzda bolmagyna garamazdan adamy kiçijik bir pursat bolsa-da begendirýär.
Hyýal gurmak- negatiw hakykatlardan gaçmak, oňyn pursatlara ünsi jemlemek üçin gaçybatalgadyr...
Ýöne, hemme zatda bolşy ýaly, hyýal gurmak üçin hem bir şert bolmaly. Hyýallaryň çöketliklerine çümüp, ony endik edinen bolsaňyz, munuň bir keseldigini bilýärmidiňiz?
(Goýsana Dusia! Adamlara agyry bermeýänem bir kesel bolarmy?! ) Maladaptive Daydreaming, (gündelik hyýal gurmaga endik etmek) agyrysyz akyl hassalygydyr.
Elbetde, beýniniň özi üçin döredilen gorag mehanizmi bolan arzuw etmek hereketiniň gözegçilikde saklanan ýagdaýynda hiç hili mesele ýok. Aslynda arzuw etmek, negatiw hadysalaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin beýniniň tapýan çykyş gapysydyr.
Bu keselde adam hakykatlardan daşlaşýar. Adamynyň köpçülik bilen gatnaşygy hem zaýalanýar. Sebäbi bu kesele ýolugan adam öz hyýallarynda şol adamlar bilen aragatnaşyk saklaýar.
Daş-töweregiňizdäki adamlar bilen baglanyşykly hyýallarymyz tebigydyr.
Ýaş çagalaryň hyýaly dostlary we özleriniň oýnaýan hyýaly oýunlary, oýunjaklary gelejekdäki döredijiliginiň ösmegine goşant goşsa-da, bu ýagdaý geljekde üznüksiz dowam edip, şahsyýetiň aňyna oňaýsyz düşünjeler bilen täsir edip, hatda jemgyýete hem zeperini ýetirip biler. Ýagny bu ýagdaý çagalara mahsus bolan tebigi ýagdaýdyr, emma onuň çägi ýetginjek düwründe tamamlanmalydyr... Ýetginjeklikden başlanýan bu kesel ýaşlykda, kämillikde we hatda garrylykda hem dowam edip biler.
Maladaptive Daydreaming-i şizofreniýadan (kemakyllyk, örän agyr psihiki kesel) aýyrýan iň möhüm nokat- hakyky dünýäden habarly bolmak we hyýalylygyň nämedigini bilmekdir. Şizofreniýa keselliler hakykat we hyýalyň nämeligini bilenoklar...
📌Gijelerine hyýal gurup uklamakda kynçylyk çekmek.
Arzuwlary hakyky dünýä geçirmek we daşky gurşawdakylara durmuşa geçirip bolmajak hyýallary görkezmek.Hemişe ýeke bolmak islegi. Birnäçe sagatlap hyýal gurmaklyk, hatda, sagatlaryň nädip geçýändigine düşünmän gündelik edilmeli işleriniň galmagy.Hyýalynda yşaratlar we ýüz keşpleri göz öňüne getirmek, öz-özi bilen gürleşmek ýa-da pyşyrdamak...
🔻 Muny durmuşynda trawmatiki tejribeleri başdan geçirenlerde, ynjalyksyzly adamlarda, döredijiligini we hyýalyny hakyky durmuşda ulanyp bilmeýänlerde, durmuşyndan kanagatlanmaýanlarda görmek bolýar.
❗Köp adam bu ýagdaýy başdan geçirýärler, boýun gaçyrmagyň hiç hili manysy ýok. Köp alymlar, esasanam Albert Einşteýn, D.İ.Mendeleýew we Tesla bu ýagdaýy başdan geçirdiler, emma muňa gözegçilik etmegi başardylar we döredijiliginiň ösmeginde özlerini türgenleşdirip, goldaw berdiler.
💡Bu ýagdaýy dogry ulanyp özümize üstünligiň gapysyny açybam bileris elbetde, hany Eýnşteýn aýtmyşlaýyn:
"Maňada samsyk diýdiler, atomy ýaryp ellerine berdim"...
Nikola teslany tanamaýan ýokdur.
Nikola Tesla adamlar bilen aragatnaşyk saklamakda kynçylyk çekdi. Onuň ýatlamaga agyr çagalyk ýyllary bardy. Ýalpyldawuk zatlar bilen hemişe gyzyklandy. Onda aňsatlyk bilen gaharlanmak häsiýeti bardy. Mekdepde we iş durmuşynda başdan geçiren sosial aragatnaşyk meselesi oňa ençeme gezek psihologiki kynçylyklary başdan geçirdi we göwnüçökgün durmuşda ýaşady.
Agasynyň ölüminde günäkärlenmek onuň durmuşyndaky iň uly höwesini ýykan zat we Maladaptive Daydreamingiň başlangyjydy. Ömründe ilkinji betbagtçylygy uly doganynyň ölümi bilen başdan geçirdi. Diňe doganynyň ölümi Tesla ýaramaz täsir etmedi. Uly dogany atdan ýykylyp öldi we maşgalasy hemişe Teslany aty gorkuzmakda günäkärledi. Şonuň üçinem ol içine salýan çaga hökmünde terbiýelendi. Adamlar bilen sosial aragatnaşykda kynçylyk çekdi. Ýöne bu zatlara garamazdan ol adamzat taryhynda sönmejek "elektrik togy " bilen uly yz goýdy.
“Maladaptive Daydreaming” -iň gözegçilikden çykmagynda, depressiýa, ünsüň bolmazlygy we şahsyň içerki pikirlerini diňe bir psiholog hökmünde däl, islendik adam hökmünde hem görmek bolýar.
Ýazyjy Patrik Rotfussyň aşakdaky sitatasy hyýallarda ýaşamagyň sebäbini gaty gowy düşündirýär:
“Akyl käwagt şeýle bir zarba urýar welin, ony öz izolýasiýasynda gizleýär. Käwagt hakykat diňe agyrydyr we şol agyrydan gutulmak üçin akyl hakykaty terk etmeli bolýar. ”
Adam hakykatdanam bolmak isleýän adamyna öwrülip bilmese, ýaşamak isleýän durmuşyna ýetip bilmese, hakyky dünýäden gizlener we olary hyýallarynda janlandyrar. Hakyky dünýäsinden gaçyp, ýylgyrjak pursatlary tapýan adamlar köplenç ýeke bolmak islärler we netijede olar özlerini hyýallarynda bagtly duýarlar...