Durmuşdan öwrenilen käbir zatlar...
17.06.2022
1
Durmuş
79
4 471

Durmuşdan öwrenilen käbir zatlar...


5 ýaşda: Ene-atamyň biri-birilerine gygyrýandyklaryny görmegiň meni nähili gorkuzýandygyny öwrendim.  

7 ýaşda: Suw içipdurkam gülsem, içýän zatlarymyň burnumdan gelýändigini öwrendim.  

12 ýaşda: Bir zadyň gadryny bilmegiň iň gowy ýolynyň, biraz wagtlap onsuz galmakdygyny öwrendim. 
 
13 ýaşda: Ene-atamyň el tutuşup gezelenç etmekleriniň meni hemişe begendirýändigini öwrendim. 
 
15 ýaşda: Käwagt haýwanlaryň adamlardan has köp ýüregimi ýyladýandygyny öwrendim.  

18 ýaşda: Ýetginjeklik ýyllarymyň hasratdan, haýranlykdan, ýaralardan we söýgüden ybaratdygyny öwrendim. 

24 ýaşda: Söýginiň ýüregimi  ýaralap bilýändigini , ýöne ýaralara degýändigini öwrendim. 

33 ýaşda: Bir dosty ýitirmegiň iň çalt ýolunyň oňa karz bermekdigini öwrendim.  

36 ýaşda: Esasy zadyň başgalaryň men hakda näme pikir edýändigi däl-de, meň özüm hakda näme pikir edýändigim şuny öwrendim.  

38 ýaşda: Ýanýoldaşymyň henizem meni gowy görýändigini, tabakda iki alma galanda kiçisini özi almagyndan duýup biljekdigimi öwrendim.

41 ýaşda: Adamyň özüne bolan ynamynyň esasan onuň üstünligini kesgitleýändigini öwrendim. 

44 ýaşda: Ejemiň meni görmekden elmydama hoşal bagtly bolýandygyny öwrendim.  

46 ýaşda: Diňeje kiçijik kartoçka iberip hem biriniň ýüregini ýagtylandyryp biljekdigimi öwrendim.  

49 ýaşda: İslendik bir işi edip bilişimden has gowy etjek bolanymda, bu işiň döredijilige öwrülýändigini öwrendim.  

50 ýaşda: Söýgi öýde öndürilmese, başga bir ýerde öwrenmegiň gaty kyn bolup biljekdigini öwrendim.  

53 ýaşda: Adamlaryň maňa garşy özlerini meň rugsat berşim ýaly alyp barýandyklaryny öwrendim.  

55 ýaşda: Aklym bilen ownuk kararlary, uly kararlary bolsa ýüregim bilen bermelidigimi öwrendim.  

64 ýaşda: Bagtyň atyr ýalydygyny we ilki özüme ýokaşdyrman başgalara ýokaşdyryp bilmejekdigimi öwrendim.  

70 ýaşda: Mähirli we aladaly bolmagyň kämil bolmakdan has gowudygyny öwrendim. 
 
82 ýaşda: Agyrylar sebäpli ejir çekýänem  bolsam, başgalara kelle agyry bolmaly däldigimi öwrendim.

90 ýaşda: Kim bilen durmuş gurjakdygyňa karar bermegiň  durmuşda berilýän iň möhüm karardygyny öwrendim.
 
95 ýaşda: Öwrenmeli zatlarymyň henizem gaty köpdügini öwrendim ...
nurso
4 May 2024
@0424, Durmuşam ALLAH öwredyar😌
tmyigit76
18 Yanwar 2024
@garik, namazy öwrenmelidigini bu dünýäden gidensoň bilýäň :))
ghjkc
16 Oktýabr 2023
Mlds 😍
0700
12 Awgust 2023
@garik, @garik, dogry aytyan
osmanym
29 Iýul 2023
Durmushmy 😒umytsyz wepasyz buwagtky durmush
garik
21 Iýul 2023
Aý garaz namaza öwrenmändir kimem bolsa
aikamm
13 Iýul 2023
❤️
dayanzxc
12 Iýul 2023
🙌✊❤️
govher_
10 Iýul 2023
king_manner
7 Iýul 2023
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.