perizadym
17.06.2022 00:00
Gazaply gyş günleriniñ biridi. Kiçiräk bir obadan balykçy gämisi deñze tarap ugrady. Şol barmana deñizde harasat turup , güýçli tolkunlar döredi. Bir salymdan garañky düşdi. Balykçylar welin yzyna dolanyp gelmedi. Eneler , çagalar we aýallar gijesi bilen balykçylaryñ sag aman dolanyp gelmesi üçin dileg etdiler. Olar kenarda gözýetime garap köp garaşdylar. Üstesine şol gijede bir külbede ýangyn döredi. Erkekler bary deñizde bolansoñ , aýallara ody söndürmek başartmady. Ertesi irden bolsa balykçylar sag aman gaýdyp geldiler. Hemmeler begendi. Emma bir aýalyñ welin ýüzi solukdy. Sebäbi olaryñ ýaşap oturanja külbesi ýanyp kül bolupdy. Ol deñizden gelen adamsyna : "Indi name ederis ?! Külbämiz ot aldy , bar zadymyz ýandy , kül boldy.." diýdi. Adamsy aýalyna şeýle jogap berdi: " Mena külbämiziñ ýananyna şükür edýärin. Entegem oduñ ýagtysyn göräýdik , ýogsa biz apy - tupanyñ içinde kenaryñ haýsy tarapdadygyny hem biljek däldik.
10
97
Gurtmyrat
18 Iýul 2022
Gaty gowy 👍👍👍
ŞirnazarTaganow
17 Iýun 2022
Milaya_🌺,Elhemdulillah hemişe...
perizadym
17 Iýun 2022
ŞirnazarTaganow, 👍..".köñliñ haýra bagla , sydkyñ - imana "
ŞirnazarTaganow
17 Iýun 2022
Milaya_🌺,edil özi.Ýagşylygada ýagşy bolup ýeteli esasysy....
perizadym
17 Iýun 2022
Zümerret🌺,👍👏IDEALLIDER,👍howwa , Gussam,👍ŞirnazarTaganow, " Goy , näme bolsa_da gowulyga diýeliñ , erbetlige çekjek bolsak sebäp kän , her zadyñ bolubersin haýyrlysy , mydam ýagşylyga bolsun sebäpkär"..
ŞirnazarTaganow
17 Iýun 2022
Milaya_🌺,howwa soñam ol adamyñ öýi(ähli goş-golamy)ýansa-da özlügini(gam-gussa batmadygy) ýitirmedigi.(muny hemmede başarmaz(ýagny asudalygy saklamagy)...
Online.
17 Iýun 2022
Dogry👍👍👍
Gussam
17 Iýun 2022
Allajan nähili ýol bilen kömek etjekdigi näbelli :)
Relax
17 Iýun 2022
🔥🔥👍👍.....
ideallider
17 Iýun 2022
Onda gynanara zat ýok, balykçylara maýak bolany üçin balykçylar sagbolsun hökmünde täze öý guruşmaga kömek ederler😊👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.