16.06.2022
Atsyz melek
Gözüni açmak üçin göreşse-de, henizem açyp bilmedi. Özüniň nirededigini görmek isledi. Bedeni täze şekil alyp, indi bäbek ýaly bolup başlapdy. Ejesiniň göwresinde bagtly ösüp, dünýä inmäge taýyn düwünçekdi. Ol gyzjagazdy we adynyň näme boljakdygyny şeýle bir bilesi gelýärdi. Aýaklary bilen näme edip boljakdygyny hasaplamaga synanyşyp, ellerini gymyldadýardy. Daş tarapdakylaryň kimligi bilen has gyzyklanýardy. Käwagt sesleri eşidýärdi, düşünmeýän bu seslerini gulak gabardyp diňleýärdi we düşünjek bolýardy.
Ol bu ýagdaýdan ýuwaş-ýuwaş ýadap başlady. Heniz adyny hem bilmeýän kiçijik gyzjagaz gysga wagtda hemme zada düşünmek isledi. Şol sesleriň eýesini, ejesini görmek isledi. Käwagt öz üstünde bir zadyň aýlanýandygyny duýýardy. Ejesiniň eli bolmalydy belkem. Ony duýan pursady tolgundy, ýaňy işläp başlan ýüregi sarsdy. Ejesinde hyjuw, dürli duýgularyň garyndysy ýaly üýtgeşik bir zat duýdy .. Ah ejesini bir gezek görüp bilsedi...
Megerem, wagt geldi. Ahyry gaty içgysgynç bolup başlan ýerinden çykdy. İndi ol ejesi bilen birleşip, gözüni açyp, ony görüp bilerdi. Gykylyklar bilen bilelikde, bolýan ýerinden birneme öňe gitdi. Ejesi şeýle bir gygyrýardy welin, gulaklary agyrýardy.
Näme bolanyna-da düşünmän sowuk ýere çykdy. Töwereginde öňki ýaly gyzgyn suw hem ýokdy. Kimdir biriniň gaty elleri çaltlyk bilen şarpyk çaldy we silkdi. Ol henizem gözüni açyp bilmedi, diňe ejesiniň gygyrýandygyny we gödek eli bolan bir aýaly duýdy. Indi dem alyp bildi-de, agzyny açyp: "Eje, aglama ..." diýip gygyryp aglamaga başlady.
Sowuk gurşawda üşeýän halda özüne geldi. Ellerini we aýaklaryny gymyldadyp bilmedi. Sebäbi ony nämedigini bilmeýän haýsydyr bir zadyna berk ýapyşdyryp dolapdylar. Birden şol gaty iki el çagajygy ýatan ýerinden alyp, bir ýyljajyk gujaga goýdy. Ýüregi ýene çalt urup başlady. Şu mähirli ýumşajyk elleri öňem duýupdy... Onuň ejesidigini gaty gowy bilýärdi :)
Ejesini görmäge howlukýardy, ýuwaş-ýuwaşdan gabaklaryny ýokary galdyrjak boldy. Onuň şar garaja gözleri açyldy. Dumanlar göz öňünden arassalanandan soň, ejesini düşnüksiz şekilde gözlerini ýaşly gördi. "Näme üçin ejem aglaýa?" diýip pikir etdi. Meniň gelenime gaty begenen bolmaly. Sowukdy üşänligi sebäpli kellesini ejesiniň döşüne egdi. Ejesiniň ýüregi hem çalt urýardy. Ol: “Eziz ejem, ýekeje ejem” diýip, ýene gygyryp başlady. Ejesi haýal we näzik hereketler bilen göwsüni kiçijik balajygynyň agzyna saldy. Soň bolsa onuň uklamagyna garaşdy.
Arkasyna degen sowuk buz sebäpli oýandy heniz ady goýulmadyk bäbejik. Sowukdy we titreýärdi. Emma ol henizem ejesiniň gujagyndady. Kellesini ejesiniň döşüne dikdi. Ejesi bu sowukda nirelerde gezmeleýärdikä? Ejesiniň gujagynda, edil sallançakda çaýkanýan ýaly ejesi bilen öňe tarap gitmegini dowam etdirdi. Ol şeýle bir uklasy gelýärdi welin, sowuk oňa zyýan bermedik bolsa, bu mylaýym ellerinde uklapjyk galardy.
Ol bu gujakdan hiç haçan gitmek islemeýärdi. Ol ulalyp jigijigi bolýança elmydama ejesiniň gujagynda galmakçydy. Söýgüden doly şeýle ýyly ýerini kim terk eder ahyry... Ejesini şeýle bir gowy görýärdi welin, gürlemegi öwrenende ilki onuň adyny aýdardy. Ol şu wagta çenli kakasyny görmedi, mümkin ol ýokdy ýa-da bäbejigi hakynda aladalanmaýardy.Onuň ähmiýeti ýokdy, gyzgyn gujaklaýan, gözýaşly ejesi oňa ýeterlikdi...
Ejesi saklandy. Ady ýok gurjajyk gözüni açdy-da, töweregine göz aýlady. Ýöne hiç ýerde hiç zat görüp bilmedi, sebäbi hemme ýer garaňkydy. Geň duýgular bilen tans edip, ýüzüne ýyly, duzly damja düşdi. Ejesi gözlerinden kiçijik çaganyň ýaňagyna damja damýardy. Näme bolýandygyna düşünip bilmedi, ejesi näme üçin aglady? Ol gözüni ýumdy. Döşüne bir kagyz dakyldy. Ejesiniň ýaňaklarynda dodaklaryny duýdy. Sowukdan gysylsa-da, hyjuwyň we söýginiň ysy gelýän dodaklar atsyz gyzjagazyň ýaňaklaryny ýuwaşlyk bilen öpdi. Ol bu öpüşi hiç wagt ýatdan çykarmazdy.
Bu onuň iň gowy duýgusydy. Seresaplylyk bilen ýuwaş-ýuwaşdan ýere gaçandygyna düşündi. ", Ýok, ýok, eje, meni gujagyňdan düşürme" diýip gygyryp jägildäp aglap başlady. Sowuk mermer ýaly ýeriň üstünde mähirli gujaklaşdy. Ol henizem gygyrýardy. Ejesiniň gujagyndan düşmek islemedi, üstesine-de, gaty sowukdy. Ejesi yzyna öwrülip, birnäçe ädim ätdi. "Eje, gitme, eje, meni terk etme! '' soňky sesinde ýene gygyryp başlady. Ejesi dymdy. Yzyna dolandy. Ady ýok çaga ýuwaş-ýuwaşdan dymdy. Gelip, ony ýene gujagyna almagyna garaşýardy. Emma ejesi gelmedi, ýene yzyna öwrüldi we gijäniň garaňkylygynda, sowukda rehimsizlik bilen günäsiz çagajygy bir başyna goýup çaltlyk bilen gaçdy.
Ol bäbejik indi öz aglaýanyny hem bilenokdy. Onuň duýýan zatlarynyň hemmesi gaty sowukdy. Heniz hamyr ýaljak süňküne çenli sowuk geçipdi, belki ejem geler diýen umytda çagyryp aglaýardy. Hereket etmäge synanyşdy, belki ýerinden turup, ejesiniň yzyndan ylgamalydyr. Emma ellerini we aýaklaryny berk baglaýan ak mata sebäpli hereket edip bilmedi. Çözülsede ylgamagy bilenokdy, ýöne derrew ejesi üçin öwrenip bilerdi balajyk... Sowuk sebäpli aýaklaryny duýup bilmedi. Arlyk bilen göreşýän gollary hem ýuwaş-ýuwaşdan ýitip barýardy. - Eje ... - diýip, ýene gygyrdy. "Eje, näme üçin meni terk etdiň, eje, men üşeýän ... eje, gel, meni al ..." diýen çagyryşlary biderek boldy.
Gijäniň ýarymynda aglaýan adam çagajygynyň sesine diňe köçedäki itler jogap berýärdi. İndi biçärejik ellerini ýitiripdi, duýanokdy. Näme üçin aýaklarynuň, gollarynyň we döşüniň ýitip gitmegi bilen gyzyklandy. Ejesizlikden bolan bolmaly meger... Ejesi ony taşlap barýarka ýuwaş-ýuwaşdan ýitip başlapdy. Sowuk eňegine geçip barýarka soňy bilen ýitip gitjekdigine düşündi. Indi hiç zadyň manysy ýokdy.
Ol hatda göni pikirlenip bilmedi. Näme üçin bu ýerde galdyryldy, näme üçin terk edildi? Adynyň tutulmazyndan ozal ölüm jezasyna höküm edeninde ol nähili günä edipdi? ... Atsyz gyzjagazyň taşlanan ýerindäki metjidiň howlusynda ertir namazy üçin azan ýaňlanyp başlady. Çaganyň ejesine "Yzyňa gaýdyp gel, eje" diýip gygyrýan ýüregi parçalayan "iňňä" sesiniň dowamy, "Allahu Ekber" sesi bilen garyldy. Deňiz guşlary, azaşan itler, olaryň hiç biri-de bu sahnada durup bilmedi, soňky sesleri bilen aglaýardy. Kiçijik çaga gözüni ýumdy. Gözlerinden iki damja çykdy. Biri gözüniň gapdalynda, beýlekisi ýaňagynda doňupdy.
Soňky gezek gözüni ýumdy. Ol munuň ýaly pursaty ýene gaýdyp görmek islemedi. Namaz bilen birlikde kiçijik adamyň sesi saklandy. Şem alawy ýaly ýuwaş-ýuwaşdan söndi. Ol indi atsyz perişde bolupdy, gödeklik bilen jezalandyrylypdy , ruhlary göterýän we dünýäniň soňuny taýýarlan gara rehimsizlige näletledi. Ýöne näme üçin ol jezalandyryldy...