16.06.2022
DAŞOGUZ WELAÝATY— KÖNEÜRGENÇDÄKI METEORIT
Ýurdumyzda jahankeşdeleri gyzyklandyrýan köp ýerler, gymmatlyklar bar. Syýahatçylaryň ünsüni çekýän täsinlikleriň biri-de ýurdumyzyň çägine asmandan gaçan meteoritlerdir. Bilşiňiz ýaly, bular Ýer ýüzüne gaçýan kosmiki jisimlerdir.
Türkmenistana hem 1998-nji ýylda sagat 17:30-da Köneürgenç şäherinden uzak bolmadyk «Darýalyk» daýhan birleşigindäki pagta meýdanynyň gyrasyna uly daş meteoridi gaçdy. Gyzykly ýeri, şol wagtda bir daýhan maşgalasy oňa gaty ýakyn ýerde işläp ýören eken. Olaryň beýan edişine görä, birden çaltlyk bilen ýere gaçan asman jisiminiň ýiti sesi eşidilipdir. Olar başda bu sese uçaryňkydyr öýdüpdirler. Bu ses diňe bir etrabyň çäginde däl, eýsem Daşoguz şäheriniň ýaşaýjylaryna-da eşidilipdir.
Onuň gaçan ýeriniň ululygynyň diametri takmynan bäş metre we çuňlugy dört metre ýetýän oýugy emele getirdi. Meteoridiň göwrüm agramy 820 kilogram bolup, has takygy, bir awtoulag ýaly agyrdyr. Şeýle-de ol planetamyza düşen iň uly meteoritleriň biri hasaplanýar. Alymlaryň gözleg netijelerine görä, onuň ýaşy takmynan 4,5 milliard ýyl diýip çaklanýar. Meteoritiň özi bir günden soň tapylypdyr.
Köneürgençdäki meteorit GDA ýurtlarynda ýere gaçan ähli daş meteoritlerden iň ulusy, şeýle hem dünýäde ululygy boýunça üçünji ýerde durýan meteoritdir.
Onuň düşen ýeri Daşoguz welaýatynyň syýahatçylyk kartasynda ýörite bellik edilen. Alymlaryň ýazgylaryna salgylansak, soňky 250 ýylda bäş sany meteorit ýurdumyzyň çägine düşüpdir:
1968-nji ýylda «Gabakly» atly ilkinji meteorit Türkmenabat şäherinden takmynan ýüz kilometr günbatarda, agramy 4,6 gram;
1978-nji ýylda Bokurdak obasyndan 50 kilometr uzaklykda, agramy 4,1 kilogram;
Garagumda ýene iki sany «Diňli» we «Akmola» ownuk meteoritleri tapyldy.
Häzirki wagtda asman jisimleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde sergide goýuldy. Daşary ýurtly myhmanlar ýa-da jahankeşdeler bu muzeýe gelseler, hökmany suratda seýrek duş gelýän Köneürgenç meteoriti barada gyzyklanýarlar.