Gosgularâlemi
16.06.2022 09:05
Türkmenistanym meniň.

Pyragyň arzuwlany, ajap eýýam gelendir,
Bagy-bossan içinde, çagajyklar gülendir,
Arkadagly Serdarym, mydam halky bilendir,
Parahat hem asuda Türkmenistanym meniň.

Adamzat saglygyna, üns gözlerin dikendir,
Türkmen topragymyzda, miwelermiz bitendir,
Asuda asmanymda, bürgüt, laçyn uçandyr,
Parahat hem asuda Türkmenistanym meniň.

At gazanyp türkmenim, dutar kirşin kakandyr,
Jylawyn elden bermân, ak atyny çapandyr,
Guşagyn bile baglap, ýigit göreş tutandyr,
Parahat hem asuda Türkmenistanym meniň.

Awtory:Öwlüýâgulyýewa Aýgül.
5
67
kyyas2017
20 Iýun 2022
örän gowy
Gosgularâlemi
16 Iýun 2022
Shasoltan,IDEALLIDER,Myrataly, sps hemmâňize
Myrataly
16 Iýun 2022
👏👏👏👏👏👏👏
ideallider
16 Iýun 2022
Adaty!
Shasoltan
16 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👍
Gosgularâlemi
16 Iýun 2022
Komentariýa garaşýan🙏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.