(Soñky söz)
Gülkamar "Soñ açaryn"-diýip sowgady bir gyra süýşirip,toýdan soñ arassaçylyk geçmäge durdy.Sagat bir çene baranynda işlerini tamamlap ýerine geçdi.
Ertesi gün Gülkamar oýanmady,ýakynlary "-Toýuñ ýadawlygydyr,çaga aýak üstünde durup hyzmat etdi dynjyny alsyn"- diýdiler.Jemal gelnejäni bu ahwal howsala saldy.Gyzynyñ ýanyna bardy.Gülkamaryñ nurly ýüzünde reñk galmandyr.Başyny sypalady,Jemal gelneje duýdy,haýal etmän hassahana ýerleşdirdiler.
Lukmanlaryñ bejergilerinden soñ Gülkamar ysgynsyz halda gözlerini çala açdy.Gapynyñ añyrsyndan lukmanlar bilen ejesiniñ kakasynyñ gürrüñleri eşidilýärdi.
Birdenem Gülkamaryñ gulagyna "-Köp ýyllar ejir beren ýürek keseliniñ indi bejergisi diñe Allanyñ elinde,sanalgyja sagatlar gyzyñyz bilen gürleşip bilersiñiz"-diýen,sözleri eşildildi.Gülkamar bu ýagdaýyny öñem bilýärdi,ýöne şonda-da ynanmazlyga çalşdy,bu dünýäde ýaşasy gelýärdi.
Ýüreginde ençe arzuwlar edipdi,indi wagt gutardy,arzuwlaryñ eýesi arzuwlaryndan daşlaşyp barýar.Gülkamar tötänlikde özi baradaky hassanyñ hatyny okady hem-de eşidenleriniñ dogrudygyna göz ýetirdi.Ýakyn garyndaşlary Gülkamaryñ ýanyna hal ýagdaýyny soramaga geldiler,hemme adam bilýärdi,Gülkamara bildirtmejek bolýardylar.Jemal gelneje gelip damagy dolup gyzynyñ ýanynda aglamazlyga çalşyp,işini bahanalap daşaryk çykyp,aglap diñmedi.
Gülkamaryñ:
Nurly didäm bilen synlap jahany,
Owadan dünýäde ýaşasym gelýär.
Ödäp Watanymyñ beren duzuny,
Owadan dünýäde ýaşasym gelýär.
Owadan dünýäde bagtly bolup,
Käbäm,Kyblam bilen ýaşasym gelýär.
Ýaşlygymy ýatlap,janym sag bolup,
Owadan dünýäde ýaşasym gelýär.
Arzuwlam däl,men arzuwdan daşlaşdym,
Hoş meniñ gysgaça yz goýan ömrüm.-soñky aýdan sözleri boldy.
🥀HANYM MUHAMMEDOWA🖋
(AH MENIÑ EJIZJE DUÝGUÇYL DÜNÝÄM)