Y_Erlenow
16.06.2022 01:02
Owganystan 🇦🇫1919-nji ýylyň awgustynda,Amanulla hanyň baştutanlygynda, Angliýadan öz garaşsyzlygyny alypdy.Şondan bäri ýurtda geçirilen döwlet agdarylyşyglary.
-1929-nji ýylyň başynda täçik gelip çykyşly Baçai Sakaonyň baştutanlygynda Amanulla hanyň häkimiýetiniň agdarylmagy.
-1929-njy ýylyň oktýabrynda Muhammet Nedir han Baçai Sakaony tagtdan agdaryp,häkimiýete özi geçdi.
-1973-njy ýylda Owganystanda monarhiýa düzgüni agdarylyp,Muhammet Dawut häkimiýete gelip,ýurdy Respublika diýip yglan edýär.
-1978-nji ýylyň,30-aprelinde M.Dawudyň häkimiýeti agdarylyp,Nurmuhammed Tarakiniň baştutanlygynda kommunistler häkimiýete geldi.
-1979-njy ýylyň sentýabrynda Hafizulla Amin N.Tarakini öldürip,onuň ýerine geçipdi.
-1979-njy ýylyň dekabrynda SSSR Owganystana goşun girizip,H.Aminiň hökümetini agdaryp,Babrak Karmalyň ýolbaşçylygynda,ýurtda täze hökümet döredipdi.
-1986-njy ýylda B.Karmal çetleşdirilip,Muhammet Najibulla häkimiýete geldi.
-1992-nji ýylda M.Najibullanyň hökümeti-de agdarylyp,Sebgatulla Mojahediniň baştutanlygynda mojahedler Kabuly eýelediler we ýurdy Owganystan Yslam Respublikasy diýip yglan etdiler.
-1997-ýylda Muhammet Omaryň ýolbaşçylygynda talibanlanlar paýtagty eýeläp,Owganystan Yslam Emirligi diýip yglan etdiler.
-2002-nji ýylda ABŞ we NATO ýurtlary Owganystanda talibanlara garşy urşa başlap,taliban häkimiýetini syndyrdylar hem-de Owganystan Yslam Respublikasyny esaslandyrdylar.
-2021-nji ýylyň ortalaryndan başlap ABŞ we onuň tarapdarlary öz goşunlaryny ýurtdan çykaryp başlady.Netijede bolsa talibanlar hökümete we paýtagta garşy hüjüme başlap,awgustda ýurdy doly eýelediler.Owganystan Yslam emirliginiň esaslandyrylmagy.
Ine size parahatçylyk 🙄🙄🙄...
9
148
ideallider
16 Iýun 2022
Meselem tmda mersli gezmek betlik bolsa, owganda gyz-sypatly tansçy oglan saklamak betlik eken😑👍
ylham_gurbanaly
16 Iýun 2022
Online., Kabyl Abyly öldürýär ilkinji sapar. Aýdyşlarna göräde şondan galan Abyl - Owganystan, Kabyl -Kabul .
ay_kiz_
16 Iýun 2022
👍👍👍👍👍
Online.
16 Iýun 2022
Y_Erlenow,paýtagty Kabul şu at bilen baglanşykly men eşdenim
Y_Erlenow
16 Iýun 2022
Online.,Bolup biler, Ow-"gan"
Online.
16 Iýun 2022
Birinji adam gan dökülen ýer diyäler dogry bolup bilermi?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.