Myrataly
15.06.2022 22:24
Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) toparlara oýnuň dowamynda bäş gezek oýunçy çalyşmaga mümkinçilik berýän düzgüni hemişelik esasda girizdi. Ozal bu düzgün koronawirus pandemiýasy bilen bagly toparlaryň oýunçylarynyň ysgyndan gaçýandygy üçin girizilipdi.

«FIFA-nyň ählumumy pandemiýa wagtynda oýunçylaryň abadanlygyny goramak boýunça 2020-nji ýylyň maýyndaky ýüz tutmasyndan soň, IFAB futbolyň düzgünlerine wagtlaýyn düzedişi girizdi. Bu düzediş esasy milli we halkara ýaryşlarynda oýunçylary bäş gezege çenli çalyşmaga mümkinçilik berýärdi. Soňra şol täze düzgüniň möhleti birnäçe gezek uzaldyldy.

IFAB şu günki ýygnagynda şol düzediş futbolyň düzgünleriniň hataryna hemişelik kabul ediler ýaly birgiden maslahatlary we tutuş futbol jemgyýetçiliginiň aýgytly goldawyny kabul etdi. Şonuň ýaly-da, ýaryşyň guramaçysynyň garamagyna bagly, ätiýaçlykdaky oýunçylaryň sanyny 12-den 15-e çenli köpeltmek barada karara gelindi» — diýip, IFAB-niň resmi saýty habar berýär.
Çeşme:TmCars
9
49
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.