❤GÜLHANYYM❤
15.06.2022 22:06
(7-nji bölüm)

Jelaletdin üçin bu waka ýatdan çykmajak pursat boldy.Toý sowulypdy,eli gülli Jelaletdin çynar agaja ýaplanyp Gülkamaryñ ýoldan geçmegine garaşyp durdy.Bir ýerlerden boýy ep-esli ösen haýbatly Alabaý peýda boldy.Gele gelmäne Jelaletdine golaýlap üýrüp başlady.Ýigit näme etjegini bilmän"Jüt,jüt "-diýip,iti kowjak boldy.Ýöne onuñ bu sesi itiñ gulagynada ilmedi.Alabaý has golaýlaşyp Jelaletdiniñ elindäki güllere agyz saldy.Jelaletdiniñ buña gözi çykaýjak boldy,gahary geldi-de gülleri batly çekip aldy.Omaryñ itini çagyrýan sesi eşidildi,Alabaý şol tarapa ylgap gitdi.Jelaletdiniñ ýörite niýetläp geýen täze eşikleri tozana garyldy,alan terje gülleriniñem sanaýmalyjasy abat galdy.Üsti-başyny kakyşdyryp, "-Mundan ozal meni näçe sapar görýän Alabaý gele-gel şu gün topulmalymy diýsene?Eýesi Omar bolsa...aý bolýada,Gülkamar gelmänkä gülleri bir tertipläýin" -diýip,gülleriñ içinden abadyny saýlamaga durdy.Gyzlaryñ gelýändigini görüp ardynjyrady,ýöne garşydaky ýoldan bir ulag gelip Jelaletdiniñ gabadynda sägindi,ol Berdi mugallymdy.
-Ýazlyýew senmi?Ýör golaýladaýyn.
-Salam mugallym,ýok-ýok özüm giderin-diýip,näme etjegini bilmän durdy.
-Barmaly ýolumyz bira...
Jelaletdin mugallymyñ özdiýenligini bilýärdi,ahyry Berdi mugallym bilen öýüne gitmeli boldy.Öýüne baranynda jigisi Guwanç öñünden çykdy:
-Ohow egin başyñ nähili?Gijäñ içinde göreş tutduñmy?!
-Hawa göreş tutdum,senem tutarsyñ nesip bolsa.
-Aýdyp berdä,tilsimlerini?Arkañ ýere degdimi ýa?!-diýip,ýañsylaýjy äheñde güldi.
-Seniñki artyk şu wagt-diýip,Jelaletdin ýüzüni sallap öz otagyna geçdi.
Ertesi gün mekdepde Omar bilen gabatlaşdy.
-Itiñi ýüpsiz agşamyna boşatmañ näme?Adamlary ýaralasa näme etjek?!-diýip gaharyny Omardan çykardy.
-Alabaýymdam arkaýyn,ol bilmän adamlara degenok,sen nirden bilýäñ?
-Düýn sesini eştdim-diýip,ýagdaýy bildirmezlige çalyşdy.
Ine-de Ajabyñ toý sähedi gelip ýetdi.Gün dogandan Gülkamar aýak üstünde myhmanlara hyzmat etýärdi.Toý gyzykly geçipdi emma Gülkamar doglanyndan ýanynda bolup,bile oýnap ulalan uýasyndan aýrylmak ýokuş degdi.
Myhmanlar öýli-öýüne gideninden soñ ýedi ýaşlaryndaky goñşy oglanjyk Yhlas Gülkamara ýadap göterip gelen ullakan gutyly sowgady uzatdy.Gülkamar bu sowgat uýasy Ajap üçindir diýip oýlady,ýöne bu beýledäldi.Gutynyñ daşynda "Gülleriñ kamaryna"diýen ýazgy bardy.Hatyñ arka tarapynda bolsa "Ýollan...sowgady açañda aýan bolar"diýip ýazylgydy...

Gülhanym Muhammedowa🖋
11
75
Myhman Myhman
15 Iýun 2022
Ine Suhananam sowgat gelaydi gerek

Yenedam dowam sular yaly tiz tiz
Shasoltan
15 Iýun 2022
👍👍👍👍...
ŞirnazarTaganow
15 Iýun 2022
Gaty duýgulandyrýar özä.....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.