Pallamak ýaşyna garamazdan ähli adamlarda bolýan tebigy hadysadyr.
Bu ýadawlygyň, içgysgynçlygyň ýa-da ukynyň alamaty hasaplanýar. Pallamak gödek yşarat hasaplansa-da, adamlaryň saglygy üçin peýdalydygy subut edildi.
•Pallamak beýnini sowatmaga kömek edýär. Sowuk howany kabul etmäge mümkinçilik berýär we şeýlelik bilen beýnimiz amatly temperatura gaýdyp gelýär.
•Pallamak gulagyň, ýüz myşsalarynyň we pektoral muskullaryň (torak) uzalmagyna kömek edýär. Şeýlelik bilen, dynç alýarsyňyz we bedene kislorod kabul edişini artdyrýarsyňyz.
•Pallamak beýnä we gana has köp kislorodyň girmegine mümkinçilik berýär. Şeýle hem öýkendäki ýygnanan kömürturşy gazyny kowýar.
•Pallanandan soňra gözlerimiz ýaşarýar...Göz ýaşlary hem gözüň ýagyny, hem-de aýdyň görüşi sazlaýar.
•Pallamak beýniniň konsentrasiýasyny we funksiýalaryny gowulandyrýar.