Men şu ýyl sekizinji synpy gutardym. Öten ýyl ýedinji synpyň başynda 1nji sentýabrda synpymyza täze bir oglan geldi. Ady Emir. Başda hiç gürleşmeýärdik. Men ondan utanýardym. Mümkin, olam menden utanýardy. Soň, soň 7 ýyllyk synpdaş ýaly gowy oňuşup başladyk. Ol meni ýöne güldürýärdi. Bir gün boýdaşym Bibi maňa: "Emir seni güldürende gözüň gülýär" diýdi. Men Bibiniň diýenine gaty üns bermedim. "Goýsanaý" diýip gülüp goýdum. Şu ýyl 23-nji maýda oturşuk etdik. Emir maňa "Bir gyzyň dodaklaryny masgarabazda güldürüp biler, emma gözlerini yekeje adam" diýdi. Menem oňa "Hä onda sen masgarabazda" diýip sadaja, mähirli ýylgyrdym. Ol maňa "Ýok, gözüňü güldüren" diýip sada, mähirli ýylgyrdyp Ahmediň ýanyna gitdi. Menem näme diýjegimi bilmän Bibiniň ýanyna gitdim. Şol mahal ýadyma Bibiniň sözleri düşdü. Soň Emire zat diýmedim, sebäbi näme diýjegimi bilmedim.
Eger ýerimde sen bolsaň näme diýerdiň?