sahyrlar_we_men
14.06.2022 21:51
Yetim bilen Yer söhbeti...

Jan berdin sen agaclara, gullere,
Emma bet gylygñy goymadynmy sen?
Bäs gelip bilenok açgöz garnyna,
Adamy "Iymekden" doymadynmy sen?

Seniñ yureginde donlyk, gar barmy?
Ya-da adamzatdan sende ar barmy?
Sormak ayyp dalmi yasja cagany,
Ya-da döwur yaly aynadynmy sen?

Üssüñde geciryar ynsan yaz, gysy,
Synlayar tebigat, mör-möjek gusy,
Sonunda astyña cökerdin gosy,
Bäs gunlik yagtyda güymedinmi sen?

Soygi bilen yenip hupbaty, kyny,
Bagt gormek gezegi geldi ahyry,
Gujagyna gizlap Zohre-Tahyry,
Olaryñ yskyna koymedinmi sen?

Esasy arzymy aydayyn sana,
Ejemjany aldyn cuñlardan-cuña,
Rehmin inmedimi hey senin mana,
"YETIM" diydirenñi duymadynmy sen?

Yer diydi:
-sözlañde üns bergin cene,
Enesiz galana, ine men ene.
"AMANATYM BERIP YZYMA YENE,
GELERIN GOLANYP" diymedinmi sen?
2015

Yazan: Kerim Hally
5
35
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.