perizadym
14.06.2022 00:00
Ynsan - akylly , ynsan - pähim- paýhasly...şeýlebir "akylly" hat- sowatdan doly başy çykmazdan teker , araba , merduwan...oylap tapdy. Soñra suwda ýüzdi , asmanda uçdy. Ädimi Aýa çenli ýetdi...
Ynsan- akylly , ynsan- pähim-paýhasly...şeýlebir "akylly" , bir zarp bilen bütin başly şäheri küldepä öwurýän atom bombasyny oýlap tapdy. Şeýlebir " akylly" , bir zarp bilen bütin başly döwleti ýer bilen bir edýän wodorod bombasyny oylap tapdy. Şeýlebir " akylly" , bir zarp bilen million adamy , mal- haly , mör- möjegi...gyrýan , jansyz baýlyklara öý-jaý , altyn- kümuş , demir- tersege zyyan ýetirmeýän akylly neytron bombasyny oýlap tapdy. Şeýlebir " akylly" , bir damjasy howa pürkelse ýetmiş adamy dil ýuwutdyrman öldiribiljek " U-X" diýen zäheri oýlap tapdy...we şondan 15 tonna ätiýaçlap goýdy...bu mukdar bilen ýedi ýüz milliard adamy gyryp taşlamak mümkin...Muña serediñä , Ýer ýüzünde bolsa bary ýogy ýedi milliard adam ýaşaýar...
Ynsan - akylly , ynsan- pähim- paýhasly , ynsan -däli , ynsan -telbe !!!
9
67
ŞirnazarTaganow
14 Iýun 2022
Howwa...
ay_kiz_
14 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👍
HoJoM
14 Iýun 2022
........😕
Relax
14 Iýun 2022
.......👏👏👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.