Online.
13.06.2022 02:58
TAPYLMAZ
Baý gapysy dolup durar bedewden
Garyba münmäne eşek tapylmaz
Bir gyz ýada oglan ýalňyşsa birden
Gybatdan girmäne deşik tapylmaz!



Bir adam duýdansyz duşup bir derde
Işi düşüp barsa pully namarda
Namart arsyz bolar gel diýer erte
Kömek soramana işik tapylmaz!



Uzadan ýeriňe ýetmese eliň
Sylamazlar sen şony berk biliň
Asmandan gelmese ozal rysgalyň
Ýerde alçy gopjak aşyk tapylmaz!



Hemmäniň başynda bardyr bir ölüm
Syla söý hormatla ynjytma göwün
Iň soňky pursatda sogrulsa demiň
Ak biýzden başga hiç eşik tapylmaz!

8
125
❤GÜLHANYYM❤
13 Iýun 2022
Gussam,öñ pişijek bardy profil suratyñyzda
Gussam
13 Iýun 2022
❤GÜLHANYYM❤, tüweleme :). Oň bolsun. Zümerret🌺, bilmedim.GoLd, zyýanly ýok. Sag-aman gowlaşyň! Em bolsun.
❤GÜLHANYYM❤
13 Iýun 2022
Gussam,hawa,indi goşgydan hekaýa bökdim😄,hekaýa gysga bolmaly asyl,meñki bõlùmli😁
Gussam
13 Iýun 2022
GoLd, Hawa şeýle diýipdim, ýöne ol Gurbannazar Ezizowyň goşgusy däldi. Ol Berdinazar Hudaýnazarowyň ,,Sabyr" atly goşgusydy ýalňyşdyňyz 😔
Gussam
13 Iýun 2022
Zümerret🌺, sizde beýle täsir galdyraryn öýtmändim 😌.
Gussam
13 Iýun 2022
❤GÜLHANYYM❤, salam :). Hawa ýadyma şol goşgyňyz. köp bent bolmaly 6 bent dagy bardy öýdýän.
Gussam
13 Iýun 2022
GoLd, näme diýdimkäm :) ?
❤GÜLHANYYM❤
13 Iýun 2022
Gussam,Salam🤝gowmy.Tanaýan ilkinji goşgumy goýamda "Tüweleme" diýipdiñ,menem begenipdim😊ýadymdan çykanok
Gussam
13 Iýun 2022
Zümerret🌺, onça öwerlik bolmasa-da manyly diýenňize minnetdar :)
Gussam
13 Iýun 2022
GoLd, men ýagdaýlarym gowy bolsa internede giremok 😔. Azajyk göwnümi şähdimi açaýyn diýip girýän . Şoň üçin hoş görmäň
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.