Uniwersitetleriñ birinde professor sapaga şeýle başlaýar:
▪Pikir edip görüñ, şu gün dünýäniñ iñ soñky güni, ertir ahyrzaman diýeliñ, bu gün näme ederdiñiz?
Talyplardan her dürli jogaplar gelýär:
~ Alladan ähli günälerimiñ bagyşlamagyny dilärdim...
~ Söýýän adamlarym bilen razylaşaryn...
~ Maşgalam bilen wagtymy geçirerin...
~ Dostlarym bilen çagalyk wagtymlarymdaky ýaly futbol oýnaryn...
~ Günüñ doguşyny we batyşyny synlaryn...
~ Iñ gowy görýän naharymy iýerin...
~ Hemme ýakynlarymy agşam naharyna çagyraryn...
~ Iñ bir gidesim gelýän ýerime gidip, şol ýerde ölümime garaşaryn...
~ Göwnüne degen adamlarymdan ötünç soraryn...
Professor ýylgyryp:
Şular etmek üçin HÖKMAN Ahyr zaman bolmalymy!?
Şeýle ýagdaý bolanda soñky günüñizi nähili geçirerdiñiz?