D.S
12.06.2022 01:07
 Arada daşary ýurtly bir gyz bilen tanyşdym. Gürleşip başladyk, gyz halaýan kinolarymy, okan kitaplarym, baryp gören ýerlerim hakda sorady. Ýöne welin hiç işim hakda soranok. 

 Men türkmenlerde öwrenişdimdä, ilkinji soraga adyň kim? Soň ikinji soragam nirde işleýäň? 

 Aý ondan tutduk mundan tutduk, halaýan naharlarymyzdan gürleşdik, gyz henizem näme işde işleýäň diýip soranokda.


 Aý ahyry bolmady özüm soradym. Hemme zady soradyň, ýöne nirde näme bolup işleýanimi näme üçin soramadyň diýdim. Gyz hem: "Sen haýsy iş bilen meşgullanýandygyňy sorasam, sosial statusyňy näçeräk pul gazanýandygyňy hem soran ýaly bolaryn. Aýyp bolar. Men puluň ýa-da statusyňa gyzyklananym üçin däl-de, özüň hakda gyzyklananym üçin bu ýerde" diýdi 

 Şol gün kast sistemamyzyň bardygyna düşündim.  "Baýam baýa berer, Hudaýam baýa" diýýän bir söz bar bilýän bolsaňyz. Şol dogry däl eken hemmäde berýän eken.


Ýene bir gün daşary ýurtly ökde inžener daýy bilen tanyşdym. Görseň gaty köp taslamalary ýerine ýetiripdir, ýerasty geçelgeleri, howa menzilleri we ş.m.
Soňra ol daýy:
- Seň bilen ýaşdaşrak bir oglum bar.
+Olam inženermi? 
-Ýok işçi, diwar örýän ussa.
+O nähili inženeriň oglam bir ussa bolarmy? 
Bizde bolanda, kakasy ony zor bilen inžener ederdi.

Daýyň gahary geldi "Näme üçin beýle diýýäň?! Oglum gaty gowy ussa. Zor bilen erbet inžener bolandan gowy ussa bolanynyň näme erbet tarapy bar" diýdi. 
Daýy diýseň ogluna buýsanýar. 

Dogrusy utandym. 
Utandym, sebäbi biz jemgyýet hökmünde şeýle. Şeýle ulaldyk, şeýle terbiýelendik.

Bizde kast sistemasy bar. İnženeriň ogly zerur bolsa zor bilen erbet inžener edilýär ýöne gowy ussa bolmagyna rugsat berilmeýär. 

52
1 295
Myhman Myhman
18 Oktýabr 2022
Her kimiňem yazan pikirleriniʼn özboluşly bir peýdaly tarapy bar

Men eger birinden kärini sorasam. Alýan haky dälde, iş yagdaýynyndan habarly bolmak üçin soraryn. Ol adamy bimaza edýänmi yada işinden saklaýanmy diýip gyzyklanyp görerin ☺️
Myhman Myhman
29 Sentýabr 2022
Creativ Davut seni birine menzetyan sana gazak hem diyyelermi
Myhman Myhman
20 Sentýabr 2022
häbşwýşw senem jennet keşkw 😊nwkpr dl
Myhman Myhman
31 Awgust 2022
Gowy yazypsyn hakyky
Myhman Myhman
17 Iýun 2022
Gowy ýazylypdyr berekella

Gowy ýazylypdyr berekella
Myhman Myhman
14 Iýun 2022
Inzeneriñ ogluny inžener etmek islemegi dogry sebäbi ogly wagt gelende kakasynyñ dogry edenine düşüner düşünýãnçã ýigrenýän išini edibersin
Myhman Myhman
13 Iýun 2022
Dogry ýazylan berekella
Myhman Myhman
12 Iýun 2022
Gaty gowy yazylypdyr
Myhman Myhman
12 Iýun 2022
Turkmenlerde gyz masgalanyn gurrundeslik etjek kisisinin jemgyyetde ornunyn nahilidigini bilmek pes dusunjelilik dal. Gatnasjak adamsynyn nahili adandygyny tanamak bu gyzyn akyllylygy. Eger ony onden tanayan bolsa dostlukly gatnasyga yada has yakynragyna onun ozi hem yigidin wezipesini dahylly etmeyar. Is babatda bolsa turkmenlerde hem masgalada durli durli wezipelerde isleyanler bar. Mysal ucin ejesi kakasy doktar bolsada cagasy masyn bejermek bn mesgullanyar... we s.m. Idealliderin pikirlerine gosulyan. Teswirleri postun ustuni yetirdi
Myhman Myhman
12 Iýun 2022
Mana parol berenoklaray nahilay adamlar

Mana parol berenoklaray nahilay adamlar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.