❤GÜLHANYYM❤
11.06.2022 20:54
(Bolan waka.4-nji bölüm)

Zyba gelneje gara bermedi...Suhan garaşdy,ahyry daña golaý uka gitdi.Guşlaryñ jürküldeşýän sesleri arzuwlaryndan el çeken ýigidi oýardy.Görse ertirligi getirilipdir.Suhan kimiñ ertirlik taýýarlap getirenini şol bada bildi,ol elbetde mähriban ejesidi.Oglunyñ gowy görýän heýgenegi,gaýnadylan tüwi hem-de demini alan çaý bardy.Lukmanlar bejergilerini edenlerinden soñ Zyba gelneje oglunyñ ýanyna gelip,halyny sorap bolan wakany:Gerekli dermanlaryny tapman näme hereket etjegini bilmän duran pursady edil Hydyr ata ýaly bolup köne tanşy birdan peýda bolup,hemme gerekli dermanlary tapyp berendigini-Suhana aýdyp berdi.Bile ertirlik edindiler.
Habary kimden al?Sapak wagty göýä doñan daş ýaly bolup oturan Gülkamardan al.Gülkamar gözlerini bir nokada dikip nämedir bir zatlaryñ pikirini etýärdi.Doñan daş diñe Gülkamar däldi,gapdalynda otyrýan Jelaletdin hem bardy.Esli wagt dowam eden pursatdan soñ synpdaşy Gözel Gülkamara seslendi,ol eşitmedi.Ýusup:
-Gözel gygyrma,sesiñ näme gyz?!Olar dymmaşak oýnaýarlar,oýunlaryny bozarsyñ,işiñ bilen bolsana...
Ýusubyñ gülküli edip aýdan sözlerine hemme gülüşdi.Gülkamar bilen Jelaletdin bu gülkülere birden tisginip yzlaryna ýalt edip seretdi.Ýusup seslendi:
-Ana Gözel aýtdyma oýunlaryny bozarsyñ diýip.
Olar gülkülerini dowam etdiler.Jelaletdiniñ kellesine gowy pikir gelen ýaly derrew ak kagyzy alyp bir zatlar ýazmaga durdy.Ýene pikirlenip başlady.Gülkamar:
-Jelaletdin nähili işiñ üstünde işleýäñ?pikirlenşiñä...-diýip,çyrşap otyran kagyzyna tarap boýnuny uzatdy.
-Aýtsam-aýtsam gülmersiñ gerek?!
-Ýok-la,kömegim deger,gülmegim aýtýan zadyña bagly,galanam...
-Dogrydanam diñe sen başararsyñ şul işi,saña ynanýan.
-Hawa...?
-Aýdaýyn diñle.Täze synpdaşymyz bara...Bägül.Ana şu haty şoña gowşuryp bermeli.Meniñ ýazmadyk sözlerimem owadanlap aýdyp göýber.Sen ökdä çeperlemäge...
Gülkamar dymdy onuñ göwninde Jelaletdin üçin ýer ýok däldi.
-Ine okap göräý-diýip,Gülkamara haty uzatdy.
-Ýok,men gowşuryp bereýin,okasam gelşiksiz hasaplaýan-diýdi-de,haty alyp bir kitabynyñ gatlarynyñ arasynda bukdy.Sapak gutardy.Gülkamaryñ elinde bolsa öz geljegini çözýän hat ýüregini ezdi.Içini gepletdi
"'-Eger men bu haty Bägüle gowşursam,olam alsa,soñy belli bu wakañ.Eger-de men bu haty gowşurmasam,nämeler garaşar,begençli günlermi ýa...."'Soñra ýenede öz özüne käýedi
"'-Toba-toba,men nämeleri diýip duryn?Söýgä düşünýäñmi diýsene.Öz bagtym üçin biriniñ bagtyny ýatyrman,bu meniñ etjek işim däl.Bägülüñ ýanynda Jelaletdiniñ tarypyny ýetireýin gowusy."'-diýdi-de Bägüle tarap ugrady.Baryp Jelaletdiniñ öwgüsini ýetirdi,gowy oglandygyny aýdyp haty eline gysdyrdy.Wagt örän çalt geçýärdi.Ertesi gün Gülkamar mekdebe baranda Bägül Gülkamara garaşyp dur eken.Bägülüñ ýüzünde ýylgyryş bardy.Gülkamar içini gepletdi"'-Hawa ýylgyryş bolman näme bolsun başga".Hal ahwal soraşanlaryndan soñ Bägül gülüp,
-Gülkamar güldüribä hezil etdirdiñ.Bu haty näme üçin maña berdiñ?
Bu sözlere Gülkamar haýran galdy.Bägüliñ ýüzüne soragly seretdi...

Awtor:Gülhanym
15
149
❤GÜLHANYYM❤
13 Iýun 2022
Babu.,Salam,şùkùr.😌😌😌men-dä sebäbi.
Babu.
13 Iýun 2022
❤GÜLHANYYM❤,, Salam gowmy ýagdaýyň, gaty sessizje bolaýdyň sen🤔
❤GÜLHANYYM❤
13 Iýun 2022
Myhman Myhman,düýn wifi pes işledi,goýup bolmady.Agşam nesip bolsa...
Myhman Myhman
13 Iýun 2022
CrAzY Girl,Wa boljak isin tizrak bolany gowy sonun ucin bir ise baslasam tizrak bolmak bilen bolyan gen gorme gyzjagaz.
Myhman Myhman
13 Iýun 2022
❤GÜLHANYYM❤, Senen hayyst eseri beli bir wagt bellap gunde sol wagtda paylassan oran hosal bolardyk sewap dineje su esere gyzyklanma bolup giryanlerem bar yada doly okap cykar yaly nirden alyp paslasyanyny aytsanam bolya
BalymLeyaaaaa🧸♥️♥️
12 Iýun 2022
Gaty gowy hekaýaaa basymrak 5ide paylaşayy🥺😊🧸
Myhman Myhman
12 Iýun 2022
Howa Suhan şeydip soygusine yetip bilman galyp gidiwerya gerek hernace hereket etsenem mañnaya yazylmasa peydasy yok diyleni su bolsa gerek
ŞirnazarTaganow
11 Iýun 2022
Asyl Gülkamar üçin ýazylan bolmagy ahmal...
❤GÜLHANYYM❤
11 Iýun 2022
CrAzY Girl,🙄atlary ýazylgy adamlañ,Myrataly,Serwi,👍Syr,nesip ertir👍
Syr
11 Iýun 2022
Name 6zykkaray ol hatda.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.