Täsirli gepleşigi alyp barmagyň tiz we aňsat ýoly
3-nji bölüm
Aňsat ýoldan täsirli geplemek
A) Temaňyzy çäklendiriň;
Temaňyzy saýlanyňyzdan soňra,ilkinji ädim zerur ýerleriniň üstünde durup
geçiň. Munda esasy ýerlerini saýlamak zerurdyr. Çünki köp gereksiz maglumat
diňleýjileriň ünsüniň bozulmagyna sebäp bolup biler. munda göz öňüne tutulan
usul 5 minutdan hem az wagt aralygynda gysga wagtda diňleýjilere tasiriňi
ýetirmegi başarmakdyr.
B)Ätiýaç güýjiňizi kämilleşdiriň;
Täsirini ýetirmeýän bir gepleşik geçirmek ýa-da çykyş etmek wakany düýpli
düşündirýän çykyşdan aňsat bolup biler. emma aňsat ýoluny saýlap alsaňyz
diňleýjilerde has az täsir galdyryp bilersiňiz. Temaňyzy çäklendireniňizden soňra
ikinji ädim çykyşyň temasynyň içine girip bilmek üçin özüňize soraglar bermelisiňiz. “Muňa näme üçin ynanýaryn? Waka nähili bolup geçdi?” ýaly soraglar
diňleýjileriňizi dik otyrdar we olaryň ünsleriňi bir ýere jemlär.
Ç) Çykyşyňyzy aňsatlaşdyryjy mysallar bilen besläň;
Gepleşigiňizi hakykylaňdyryň. Başarjaňlar hakynda söz açyň we
şahsyýetleri atlandyryp geçiň. Aýratynlyklaryunutmazlyga çalyşyň we bu hakynda
gürrüň ediň.
D) Çykyşyňyzda tanyş maglumatlary ulanyň
Diňlemenmegi aňsat bolan çykyş ediji, gözüňüziň öňünde ol
maglumatlary,wakalary janlandyrmagy başarýan gepleýjidir.
Gereksiz,peýdasyz,reňksiz gepleşik diňleýjini ýadatýar we uky halyna taýýarlaýar.
Munda meňzetmeleriň orny hem möhümdir: “Tilki ýaly mekir”, “Daş ýaly gaty”...
Halan bolsan like basmagy unutma 👍