❤GÜLHANYYM❤
08.06.2022 22:12
Bolan waka

Güýz öz şatlykly güni bilen bile geldi.Bu gün hemmeler üçin begençli günleriñ biridi,aýratynam Gülkamar üçin köp garaşan günüdi.Her günkileri ýaly ir säher bilen turup,öý işlerini etdi,soñra okuwa gitmek üçin geýinmäge öz otagyna girdi.Otagyñ içi gyzyñ kalby ýaly arassa,ýagty,hoşomaý yslydy.Gülkamar uludan demini alyp,şar gara saçlaryny emaý bilen darap örmäge başlady.Gapydan ejesi Jemal gelneje girdi.
-Tüweleme,boýuña döneýin.Edil ýañy ýaly,bizem siz ýalykak okuwa gidişimiz.Eýýäm biziñ perzentlerimiz bilim alýar.Nesip bolsa bilimiñi ýokarlandyrarsyñ.Wagt şeýle çalt geçýär.
-Hawa eje,1-nji synpa ýañy giden ýalydyk,bu gün soñkyja okuw ýylymyz.Mekdebimi örän göresim geldi.Men eglenmäýin eje.
-Bolýa gyzym.Şowly bolsun okuwyñyz.
-Sagbol eje.Joralarym garaşyp durandyrlar.
-Sag-amaja bar gyzym.Göni gitde göni gelgin.
-Eje indi men kiçijik çaga dälä.Düşünýän,hemme zada.
-Ýok gyzym,"Hemme zady bilýän" diýseñ ýalñyşarsyñ.Siz durmuşyñ ýañy bir çetinden girip başladyñyz.Bolýa eglemäýin.Sag-amanja gel.
-Bolýar,sag oturyñ sizem.
Gülkamar ýola düşdi,ýeriñ gaýmagyny bozman ýöräp barýan gyzyñ öñünden synpdaşy Suhan duşdy.Asyl ol Suhan Gülkamar gelmegine garaşyp dursa nätjek.Ýigit gözlerini aýyryp bilmän gyza seredip durdy,gyz bu ahwala utandy,ardynjyrady.Ýigit:
-Gülkamar salam,Gowumy ýagdaýlañ?!
-Salam Suhan.Ýagşy,siziñ halyñyz niçik?!
Suhan jogap bermänem ýadyndan çykaran ýaly dymyp durdy.Birden özüne geldi,aljyrady.
-Bir azyrajyk agram berýän duýgularym bar diýmesem ýagşy.Okuwumyzam şowly bolsun.
-Hawa,gyzlar garaşyp durandyr,isleseñ synpdaşlaryñ bilen bile giderdiñ?!
-Meniñ barmaly ýerlerim bar.Mekdepde görşers gyzlar bilenem oglanlar bilenem.
Suhan Gülkamar yzyndan garap içini gürletdi."Öñemä alaçsyz cyrpynýaryn,indi beterledim.Bir gün menem şu ýygralygymdan açylsam,bagt guşum uçmanka.Heý bolýada jany sag bolsun"uludan demini aldy.
Gülkamar joralary bilen gabatlaşyp,gümür-ýamyr edip mekdebiñ gapysyny ýetendiklerini hem duýman galdy.
Ýañy dolan aý ýaly hemmelerden saýlanyp duran Gülkamar ilki bolup göze ilýärdi.Onuñ ak näzik ýüzünde gara gözleriniñ üstündäki ýaý ýaly gaşlary,derek ýaly boýy,tolkun atyp dyzlaryna ýetip duran saçlary,inçe billi gözel gyz adamlaryñ gözlerinde eglenýärdi.
Ine-de Gülkamar ençe wagtlap görmek islän ynsanyny gördi....

1-nji bölümìñ soñy.
14
116
Syr
9 Iýun 2022
Kimka ol?🤔🤔🤔🤔🤔
Myhman Myhman
9 Iýun 2022
Dowamyna garaşýan
Ovezova_
8 Iýun 2022
Dowamyna garasyan
ŞirnazarTaganow
8 Iýun 2022
Gülkamaryñ başdan geçirmeleridä diýmek.Dowamyna garaşýan.🙂
zolushka
8 Iýun 2022
Dowamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.