sahyrlar_we_men
08.06.2022 09:21
Öz-özüni tanamak üçin kiçiräk anket

Ir bilen oyanyan. Öyun yerbe-yer,
Keypin ok, janyn sag, Hudaya sukur.
Gonsyndan bir dertlin nalasy gelyar,
Sonda name hakda ederdin pikir-

Oyundaki ajap sapa hakdamy?
Ya sol dertla gerek sypa hakdamy?

Ynha bir edara. Baslygy dostyn,
Ikimiz icerde "kikirde-kikir".
Gapyda kyrk adam garasyp otyr,
Sonda name hakda ederdin pikir-

Dostlykdaky tasin gudrat hakdamy?
Ya-da idaki nobat hakdamy?

Saklandy gapynda kerpicli masyn,
Masynyn safyory-bir ogry mekir.
"Yarty bahasyna al suny!" diyyar.
Sonda name hakda ederdin pikir-

Jubine bahbitli arzan hakdamy?
Ya kella bahbitli wyzdan hakdamy?

Ynha et dukany satyjy gonsym,
Saylap-secip sada bir budy ceker.
Yzyndaka bolsa gaty onurga,
Sonda name hakda ederdin pikir-

Ozune edilen hezzet hakdamy?
Ya ili cürkeyan ülpet hakdamy?

Baryar koce bilen mayyp Weteran,
Dine mayybam dal, bir gozem sokur.
Sen bolsa "Wolgaly" dazlap baryarsyn,
Sonda name hakda ederdin pikir-

Oz ornun, oz nyrhyn, "Wolgan" hakdamy?
Ya "Wolga" yitiren palwan hakdamy?

Yazan: Kerim Gurbannepesow.
10
62
kyyas2017
21 Iýun 2022
👍❤👍👍👍👍👍
Ramila
8 Iýun 2022
🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.