Gosgularâlemi
07.06.2022 08:17
Kakaňdyr.

Gyz-ogul parhy ýok,mährin siňdirjek,
Ýeri gelse haýbatlajak kakaňdyr!
Näçe gaş çytsada ýüziň güldirjek,
Şeýdip edep berjek,diňe kakaňdyr!

Ýelden-suwdan seni gorap saklajak,
Aç galmagyn diýip,gije ýatmajak,
Arkasynda agyr ýükler daşajak,
Haramdan daş tutjak,diňe kakaňdyr!

Ogul abyraýyn belentde tutjak,
Gyzym diýip,namys-aryn saklajak,
Dil ýetirse biri,dilin sogurjak,
Sözini ýöretjek diňe kakaňdyr!

Awtory:Öwlüýägulyýewa Aýgül.
8
62
Ovezova_
9 Iýun 2022
👏👏👏👍👍
Gosgularâlemi
7 Iýun 2022
Muhammetsahyyewna, sps
Muhammetsahyyewna
7 Iýun 2022
Gaty gowy gosgy 👍👍❤❤❤
Gosgularâlemi
7 Iýun 2022
Guzela✔,sps

CrAzY Girl,howwa

Hijran,beýle diýme Alla bar
Hijran
7 Iýun 2022
Ikisamm yok bolsa dayanjak adamyñ bolmasaaa hemmezada dusunyan bolmasaa aydan zatlaryn baryy puç
Myhman Myhman
7 Iýun 2022
Dogry aydyañ gynananyñda begeneñdede kakañ we Ejeñ bardyr dunyede
Papinadocka
7 Iýun 2022
Yn mukkades zat gadyr biliñ kakasy ba perzentler🥺😔
Gosgularâlemi
7 Iýun 2022
Ýene-de ýürek arzuwlaryňyza garaşýaryn🤗🤗🤗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.