awesome
07.06.2022 00:00
🦋
Hemişe bermek bilen bolanok. Käwagt almagam gerek….
***
Adamyň dostlary bolmaly.
Gämileriň portlary ýaly wagtal-wagtal durjagyň, ýüküňi düşürjegiň, gursagyňdaky tolkunlar gutarýança garaşjak…
***
Durmuş meni saýgylap-saýgylap, demir darak bilen daraklap,sümek edip sozdy. İkde egrip-egrip, ýumak edip taşlady. Jana-janym! Menden bir kilim doka, belki ýörâňde aýajyklaryñ galtaşar.
Oraz Ýagmyr.
***
" Âhli deňizleň suwy syýa bolsa, saňa hat ýazyp tüketsem," şonda duýgularym egsilermikä?!
Oraz Ýagmyr.
***
Gündiz Gün bolup, gije Aỳ bolup, ỳoluňa yşyk berdim, köňlüňe yşk berdim. Maňa bolsa ỳumruk ỳalyja ỳürek gerek, ỳüre-ek!
***
Sen ýatlamalarymyň açarysyň.
Oraz Ýagmyr.
***
“A men bu şagalaňly, şowhunly dünýede öz paýyma düşen ömrüň iň bir gymmatly bölejigini jahan bazarynyň tozap ýatan çola künjegine elinje çykaryp, düme gawunyň pazyly deý saralyp ugraýança hyrydarsyz saklap ýatyşyma juda haýpym gelýär”
Şiraly Nurmyradow
***

Döwrüň gysga düşündirilişi: bagtsyz ynsanlar, bagtly suratlar...

Adama ýaşamak üçin, edil ýangyç ýaly nähili ýatlama bolsa-da ýatlama gerek. Kipling

Soňky sözüm şeýle bolar: «Alla jan! Söýgülime duşurmadyň. O dünýäde, dowzahda duşursaňam razydyryn.»
Oraz Ýagmyr

Hiç kimiň çaýynda çemçe bolma, şeker eräp gutaransoň siziňem işiňiz gutarar.

Kim gaty söýýän bolsa, gatam urýandyr.

Gabanjaňlyk söýýäni köseýär, söýülýäni bolsa kemsidýär.

Dünýäniň iň owadan, baý we edermen oglany bolsaňda, bir gyz seni çagalarynyň kakasy hökmünde arzuw etmeýän bolsa hiç kimsiň.

Ýürek lukman üçin gan ýöredýän aparat, şahyr üçin welin, ol başgarak zat.

Megerem garrylyk – seniň üçin dermanhanada nätanyş ýazgylaryň barha azalmagy bolsa gerek.

Bilim beýik adamy ümsüm edýär, adaty adamy geň galdyrýar, adamçylygy pes adamy bolsa hondanbärsi edýär.
Tolstoý

Gybat görüpler tarapyndan çykarylýar, binamyslar tarapyndan ýaýradylýar, lar tarapyndan hem ynanylýar.


Öz wagtyňy, “Çüýşegüle” aldyryp
Öçdüň meslik, keýpe aňyň çildirip.
Men bulgur galdyrman ýokary galdym
Sen peseldiň her gün bulgur galdyryp.
/Paýzy Oraz/


"Goý, özleri paýlaşsynlar gyrlyşyp,
Wezipäni, baýraklary, baýlygy.
Biziñ çagalaram aç ölesi ýok,
Kesmeseler berilýänje aýlygy."

Dok horaz gygyrýa haýata çykyp,
Aç towuk düýşünde dary çöpleýär.
Hernäçe az etdigiçe pikiri,
Adam pahyr şonça-da köp gepleýär.

Şarl Monteskýe
(Terjime eden: Şiraly Nurmyradow)


Bir zady bek belläýsedi adamzat:
Kä çyna berimsiz aldanýandygyn.
Aýdymlaryň dürli dilde ýaňlanyp,
Agynyň bir dilde aglanýandygyn.

Şiraly Nurmyradow.


Diýmedigimi diýdirýäňiz,
Saldyrsyňyz, gara padwal astyna.
Diri günüm, dirilerden haýyşym,
Gül ekiň jaýlaňyzda,
Gül ekiň, mazarymyň üstüne.
Güller gülýänleri ýada salsynlar,
Ruhy göýdükleri oda salsynlar.
Kimler dirikä-de ölä meňzäp ýör,
Güller bakylygy ýada salsynlar.

Nurmuhammet Nazarow (Nuryşka)


Baş näçe egilse aşak,
Şonça-da syrt galýandyr.
Ýurt haraba öwrülende,
Diňe baýguş gülýändir.

Şiraly N.

Dünýäniň iň owadan, baý we edermen oglany bolsaňda, bir gyz seni çagalarynyň kakasy hökmünde arzuw etmeýän bolsa hiç kimsiň.
14
141
ylham_gurbanaly
10 Iýun 2022
Sagjaa bol, köpräk paýlaşöwörii şular ýalylary. (Ýaltanmasaň-a ibermeli ýerine iberäýem)
Syr
7 Iýun 2022
Gowy post.👍👍👍👍👍
Muhammetsahyyewna
7 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👍
awesome
7 Iýun 2022
✨Aya✨, gowy menem.

ŞirnazarTaganow, yok)
✨Aya✨
7 Iýun 2022
wordless,shukur Allaha,ozunem gowmy
okayjy
7 Iýun 2022
DURMUŞDA 5 ZATDAN UTANMA : KÖNE EŞIKDEN 👕, GARYP DOSTAN👬, GARRY ENE-ATADAN 👴👵 WE BIREM SADA DURMUŞDAN 😋
ŞirnazarTaganow
7 Iýun 2022
wordless,postdaky iñ soñky sözleriñ awtory senmi?
awesome
7 Iýun 2022
✨Aya✨, gowmyň
✨Aya✨
7 Iýun 2022
wordless,?
awesome
7 Iýun 2022
✨Aya✨
Возможность комментирования данной публикации было отключена.