•Ýagşyñ yakymly ysy diýip bilýänimiz,aslynda aktino we sianobakteriýalary döredýär. Hakykatda ýagşyñ ysy yok . Ýagşa ys berýän madda geosim diýip atlandyrlyýar.
•Kuba döwletinde ýagyş diñe öýlän,Tailandda bolsa diñe gije ýagýar.
•Takmynan 100 milliondan bir adamda ýagşa garşy allergiýa bolýar. Sebäbi ýagşyñ her bir damjasy bedene düşende, adam bedeni gyzarýar we çişýär. Eger-de beýle adamlar ýagşyñ aşagynda galsalar gürrüñsiz ölýärler.
•Howa maglumatynyñ radioda aýdylmagyna hem ýagyş sebäp bolupdyr. Ýagny amerika radiostansiýanyñ ýolbaşysy ýagşyñ aşagynda galandan soñra, ýagyş hakynda bir gije-gündiziñ dowamynda birnäçe gezek howa maglumatynyñ aýdylmagyny ýola goýupdyr.
• Çerapundja ( Hindistan ) dünýädäki iñ ýagyşly şäherdir. Bu ýerde ýylda 26460 mm ýagyş ýagýar.
•Gury Bostwanada adamlar biri biri bilen "pula" diýip salamlaşýarlar, ýagny bu sözün manysy " ýagyş" diýmekdir.Mundan başgada bu döwletiñ pul birligi "Ýagyş" diýlip atlandyrylýar.
•Ugandada adamlary ýyldyrym bilen gorkuzyp bolmaýar. Sebäbi ol ýerde ýylda 250 gezek ýyldyrym çakyp ýagyş yagyar.
•Para şäherinde ýagşa görä sagadyñ wagtyny sazlaýarlar, sebäbi ol ýerde ýagyş günde şol bir wagtda ýagýar.