zumerret_
06.06.2022 10:06
Günlerde bir gün Ependiniň aýaly äriniň özüne sowgat alyp bermegini isläp: – Maňa gyzyl ýüpek matadan ýaglyk sowgat etsene! – diýip haýyş edipdir. Onda Ependi: – Ululygy nähiliräk? Şunuň ýaly bolsa bolarmy? – diýip, gulajyny [Gulaç – ölçeg birligi.] açyp, iki elini serip sorapdyr. Aýaly: – Hawa, bolar – diýipdir. Ependi ölçegi ýadyndan çykarmajak bolup, gulajyny açyp, ak bazara rowana bolupdyr. Barýarka öňünden çykan adamlara: – Sowulyň-how, ölçegimi bozaýmaň! – diýipdir.

Bir owadan dul aýal bolupdyr. Ol bir keýwanyny Ependiniň ýanyna iberipdir we: «Ependi, sen örän akylly adam, men bolsam juda owadan. Eger sen meni alsaň, biziň örän gowy çagamyz bolar» – diýdiripdir. Ýüz keşbi örän gelşiksiz bolan Ependi birneme oýlanandan soň: – Elti, sen baryp ol aýala aýt, men ony alyp biljek däl. Sebäbi çagamyz gaty bagt- syz bolar. Owadanlykda maňa, akylsyzlykda oňa meňzese, ol biçäre çaga, gör, nähili bolar – diýip jogap beripdir.
10
137
ay_kiz_
6 Iýun 2022
🤦‍♀️🤦‍♀️🤦‍♀️🤦‍♀️🤦‍♀️
Keremaly.
6 Iýun 2022
In owadan yerleri elleridir,nametsinler eysem 😏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.