https://owrenmeli.app/25241-ustunligin-syrlary.html#comment
zumerret_
06.06.2022 08:10
Täsirli gepleşigi alyp barmagyň tiz we aňsat ýoly
2-nji bölüm
Ynamy artdyrmak
A) Köpçiligiň içinde geplenende ýüze çykýan gorkyny ýeňmegi başarmak;
Köpçülikde geplemek gorkysy döräninde ýalňyz däldigiňizi ýadyňyzdan
çykarmaň. Birden emele gelen gorkynyň belli bir ujypsyz bölegi peýdalydyr. Birnäçe
meşhur adamlaryň birden emele gelen gorkyny hiç wagt ýitirmändikleri maňa goltgy
berýärdi. Umumylygyň içinde çykyş etmegimizde döreýän gorkynyň ýüze çykyş sebäbi
ýalňyzlyga endik etmegimiz we dymmazlygy saýlamagymyzdyr.
B) Aýratynlykda taýýarlyk görmek;
“Dyngysyz taýýarlyk” diýlende ýat tutmak göz öňünde tutyulmaýar. Eger-de
sözme-söz ýat tutan bolsak,tomaşaçylar tarapyndan sorag berlende unutmagymyz
mümkin. “Unutmadyk” diýenimizde hem ýat tutulan bir çykyş netijesinde gepleşigi
ýürekden däl-de dilimiziň ujundan geçiren şekilde bir häsiýete eýe bolýarys.Aýratynda düşünjelerimizi ilki tertiläp olar hakynda haýsy hem bolsa bir pikire
göz ýetirmeli. Çykyşymyzy tertibe salanymyzdan soňra pikirimizi töweregimizdäkiler bilen
paýlaşmakda haýyr bar.
Ç) Özüňize ynanyň!
Özüňizde temaňyzyň zerurlygy hakynda garaýşy dörediň. Gepleşigi alyp barýan
pursatyňyzda ünsüňizi ýaramaz duýdyryşlardan uzakda tutyň. Meselem, gramatiki
ýalňyşlyklary göýbereniňizde ynamyňyzyň ýok bolmagyna rugsat bermäň. Özüňizi iň
ýokary nokada sary çekiň, ünsli diňleýjileriňiziň has wajyp ornynyň bardygyny unutmaň
we ynam bilen çykyşyňyza dowam ediň!
Lıke basmagy unutman: 👍
11
76