Paradise
06.06.2022 02:02
Şeýlemikä munda owaldan gurluş,
Keýigiň kölgesi ýaly-la durmuş.

“Ynha tutdum” diýen şatlygyň, bagtyň
Häki bir gyryndy, ülşüdir wagtyň.

Begenersiň, okap dostuň hatlaryn,
Emma wagtlaýyn.

Ýar jemalyn görüp, gürsüldär gursak,
Bakydyr öýdersiň,
Pursatdyr, pursat.

Ýeňip bilseň dünýäň ýeke päsgelin,
Monça borsuň, emma bu-da az salym.

Saýalaýyn diýseň – Gün geler birden,
Güneşläýin diýseň – tüm geler birden.

Geler käbir pursatlary saklasyň,
Yrýa bolar ähli eden yhlasyň.

Pursatlar serdäki humar ýaly-la,
Gider bary duman kimin göterlip.
Söýgüden,
Imandan,
Umytdan özge
Şatlyk ýokdur bütin ömre ýeterlik.

Kakamyrat Rejepow
48
78
H3MRX
13 Iýul 2022
Wauuu, juda gowy goşgy, gaty çuňňur!!!

Bir omur yašamak hich kime yetmez, her kim arzuv eylar gaytadan gelsem diyip!!!
perizadym
6 Iýun 2022
👍👍👍👏👏👏
ay_kiz_
6 Iýun 2022
👍👌👏👏👏
unknown_12
6 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.