05.06.2022
Akyldar we Bagtyň syryny gözleýän Ýigit
Bir gezek bir ýaş ýigit bagtyň syrlaryny öwrenmek isläpdir. Bir akyldar gözläpdir. Sorapdyr derňäpdir ahyry birini tapypdyr.
Şeýle hem, kyrk gün uzaklykdaky köşkde ýaşaýandygyny bilipdir. Ýaltanmandyr, ýola çykypdyr we akyldary tapypdyr. Akyldar ony ajaýyp toý bilen garşy alypdyr we haýyşyny sorapdyr:
Ýigit: "Bagtyň syry" -diýipdir. "Maňa muny öwret". Akyldar bu syry aýtmaga razy bolupdyr. Ol ýigide bir çemçe berdi-de, çemçä iki damja ýag goýdy. Ol: "Köşgüme gowy gezelenç et, ýöne bu ýagy dökmeli däl" -diýipdir.
Ýigit köşge gezelenç edipdir, ýöne gözleri hemişe çemçede eken. Yzyna gaýdyp gelipdir, Akyldar sorapdyr: " oturulýan otagdäki pars halylaryny gördüňmi, kitaphanadaky ojagy gördüňmi, bagdaky bägülleri gördüňmi?" Ýaly bir süri jikme-jiklik sorapdyr. Utanýan oglan hiç zady görmändigini boýun alypdyr.
Sebäbi ol diňe ýaga seredýärdi. Akyldar şeýle diýdi: "Soňra gidip, köşgümiň täsinliklerini has ünsli gör. Şol adama ýaşaýan jaýyny bilmän ynanyp bilmersiň. Arkaýynlaşan ýigit, çemçesi elinde gören zatlarynyň hemmesine ýat tutýan ýaly üns berdi. Gören zatlaryny gowy suratlandyrdy. Akyldar: "Bolýar, saňa ynanylan iki damja ýag nirede?" diýipdir. Ýigit çemçä seredip, iki damja ýagyň dökülendigini görüpdir.
Akyldarlaryň akyldary şeýle diýipdir: "Bagtyň syry, dünýäniň ähli täsinliklerini görmek, ýöne iki damja ýagy ýatdan çykarmazdan..."