zumerret_
05.06.2022 20:05
Bir gün Teýmirleň Ependä ýüzlenip:
– Ependi, sen dogryňy aýt, hökümdar bolmak seniň hem göwnüňde barmy? –
diýip sorapdyr. Ependi ol sözi eşiden badyna:
– Hudaý saklasyn! Näme, meniň öz janyma haýpym gelenokmy? Men özümi
bilelim bäri iki hökümdar wepat boldy. Hudaý halasa, ömrüm gutarynça, ýene ikisini
jaýlaryn. Emma entek hiç bir hökümdar Ependiniň aradan çykanyny gören däldir –
diýipdir.

Teýmirleň özüniň parasatlydygyny subut etjek bolup Ependä:
– Dünýäde önmedik, önmeýän we hiç haçan önmejek zat näme? – diýip, sowal
beripdir.
– Ol hyzmata götereniňizde, bize bellän aýlygyňyz – diýip, Ependi dessine jogap
beripdir.

Bir gün üç adam Ependiniň ýanyna gelip:
– Ependi, üçümiziň dört sany gara pulumyz bar. Biz ony deň paýlaşyp bilemzok.
Sen ony bize paýlap bersene! – diýip haýyş edipdirler.
Ependi:
– Ýa-ha üçüňize-de zat bermeli däl, ýa-da ol puly iki adama bermeli, ýa-da ýene
iki sany gara pul tapynçaňyz garaşmaly, ýa-da gowusy, puluň birini maňa beriň-de,
her biriňize-de des-deň bir pul ýetsin – diýip, maslahat beripdir.
10
114
unknown_12
5 Iýun 2022
😊😊😊👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.