Bir aýal Bernand Şoudan sorapdyr:
– Siziň pikiriňizçe, men näçe ýaşymda?
Ýazyjy oňa birlaý syn edip durupdyr-da:
– Özüňizi alyp barşyňyz-a 14, saçyňyz 18, dişiňiz bolsa 19 ýaşly gyzyňka meňzeýär – diýip jogap berýär.
Alan jogabyndan göwnühoş bolan aýal:
– Köp sag boluň! – diýip, hoşallyk bildirende, ýazyjy sugşurýar:
– Hanym, entek biraz sabyr ediň, bularyň hemmesini jemlesek, siziň ýaşyňyza deň bolar.
Möwlana Jelaletdin Rumy özüniň iň ýakyn dosty Şemsi Töwrizini Medine şäherinde görendigini aýdan bir kişä egnindäki çäkmenini sowgat berýär. Ýene biri ony Şamda görendigini aýdanda, oňa-da başgabyny çykaryp berýär. Bu ýagdaýy synlap duran müritleriň biri dillenmän durup bilmeýär:
– Pirim, Şemsi Töwrizi indi birnäçe ýyl bäri aramyzda ýok ahyryn. Ýöne siz näme üçin ony gördüm diýenlere ýene-de sowgat berýärsiňiz.
Şonda beýik şahyr şeýle jogap berýär:
– Olaryň sözi ýalanam bolsa, meni begendirýär. Eger dogry aýdýan bolsalar, eşigimi däl, janymy hem gaýgyrmazdym.
Ýaş ýazyjylardan biri Bernand Şoua ýazan hatynda:
– Halypa, eşidişime görä, ýazyjylar ýatkeşligini ösdürmek üçin balygy köpräk iýmelimiş. Siziň bu babatda garaýşyňyz nähili? – diýip, soraýar. Ýazyjy dessine jogap ýazýar:
– Hatyňyzy başdan aýaga çenli dykgat bilen okadym. Size her gün bir sany läheň balygy iýmegi maslahat berýärin.
Meşhur şahsyýetleriň aýdan sözlerinden gowy görýänleriňiz haýsylary? Post göwnüňize ýaradymy? 🙂