Ene öwüdi
Gyzym , söýgi ýokdur diýemok saňa
Isle , ýürek berip ha:laşyp ýaşa
Atasy öý bolup gerek zat bize
Baran ojagyňa ga:ryşyp ýaşa
Bir elde ýag bolsun , bir elde elek
Gaýynlaň kalbynda mähirli ýer et
Öýüňe , howlyňa , köçäňe seret
Indi özüň üçin azajyk ýaşa
Bahym bir maşgalaň täze gelni sen
Bize käte geläý , zol zol gelme sen
Köp ýükleri almalysyň egne sen
Täze dünýäň bilen göreşip ýaşa
Ädýärsiň ädimi sen durmuş ýola
Agzybirligiňizi hemişe gora
Gaýnyň ejeň bolsun , baldyzyň jora
Arzuw islegleriňi geňeşip ýaşa
Abraýymyz saklap uludan ýaşyn
Gulak goýup olaň däbine goşul
Sähelçe zat üçin göterme goşuň
Mydam olar bilen oňuşup ýaşa.