ylham_gurbanaly
04.06.2022 18:16
Delmirip durmadym, hörpüňe garşy
Uçgun diýdiň, uçdum menem pelpelläp
Atamyň lejigen paltosy ýaly,
Duýgularym ga:lyp barýar göwşülläp

Melamat ýapamok söýgüňe, emma,
Yşgyň gözüm baglap, içirdi meýin
Indem serhoş bolup köňül köşgümde,
Lapykeç otyryn keseki deýin

Bildim ýagty günleň uçursyz gadryn,
Gül-gülzar göwünden röwşen gidende
Nakys bolup durka serde pikirler,
Nam-nyşan galarmy böwşen bedende?!

Düme ekilmändi ekilen yşgym,
Jurga-jurga gözýaş damdyrma petden
Şugün-erte ýowar bolar dünýämde,
Gyrçaryn ýatlamalary bir çetden


Ylham GURBANALYÝEW

...***
BELLIK: Kim haýsy söze düşünmedik bolsa , teswirde belläp bilersiňiz!
...we teswir doly ýagdaýda tankyda (öwgi bolsa hökman däl) açykdyr!
9
124
Myhman Myhman
17 Iýun 2022
YGurbanaly23 niredenligiň barada sorapdyr nagyşlaryň sizi kerkili bi
ylham_gurbanaly
5 Iýun 2022
Keremaly., sagbol) wordless, beh munay)
Keremaly.
5 Iýun 2022
SAHYRLARWEMEN,sız oglanmy na 😐🤔YGurbanaly23,goşgy daşlay )
awesome
5 Iýun 2022
YGurbanaly23, näme hil bir zatsyrap😞😒
ylham_gurbanaly
5 Iýun 2022
wordless, näme boldy?)
awesome
5 Iýun 2022
YGurbanaly23, 😒😒😒
ylham_gurbanaly
5 Iýun 2022
Harika😇, minnetdar) Senem, Ýagyş, gar suwunyň yzgaryna, sil suwunyň baran ýerine ekilýän ekine düme ekin diýilýär. SAHYRLARWEMEN, ýok hiç zat DOST! Hawa DOST!
Senem
4 Iýun 2022
👍👍👍❤️❤️❤️ Düme name manyda
ay_kiz_
4 Iýun 2022
Düşündim👍 öwmek üçin hiç kime teswir ýazammok, ýöne goşgyny haladym😊
sahyrlar_we_men
4 Iýun 2022
YGurbanaly23,nama oylandyn🤔

YGurbanaly23, senem dasoguzdanmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.