sahyrlar_we_men
04.06.2022 00:01
ÖÇE BASLADY
(Demirler asmanda ganatlap ucar)
MAGTYMGULY PYRAGY.

Pyragym bak sozun oz yerin tapyar,
Asmanda bulutlar uca baslady.
Emma ynsanlaryn, ynsaby gopyar,
Kopler namysyndan gece baslady.

Düynjek yary bilen bagtlydy guller,
Yigdi onun ucin sowurdy pullar.
Bu gun unudylyp sol gecen gunler,
Guller ozge yigdi guca baslady.

Mergen bir cuysanin acdy gapagyn,
Yanyndakyn sypap uzyn gulpagyn.
Dort cuysa yeten son zynyp telpegin,
Bar aybyny ile aca baslady.

Suytden doly gowsun sorup enanin,
Sonundan ussune uyrup enanin.
Garranlygyn duyup bu perisdanin,
Perzentler assadan gaca baslady.

Ownayar erkekler yene bir rast soz,
Garynlar doysada acdyr gara goz
Bir nazik zenana gelip yurek doz,
Yigitler bos anty ice baslady.

Kerim yazar emma, daldiris sahyr,
Her ynsandan sahyr, cykanok ahyr
Ele galam alyp her yeten jahyl,
Yazdy, poeziyamyz oce baslady.

Yazan: KERIM HALLY.
8
75
Ovezova_
4 Iýun 2022
👏👏👏👏👏👏👏👏👏💗
ylham_gurbanaly
4 Iýun 2022
Poeziýamyz öçe başlady...
Keremaly.
4 Iýun 2022
...Yazdy poezyamyz öce başlady...👍
LORD
4 Iýun 2022
Soňky setire RESPECT👏
unknown_12
4 Iýun 2022
Хакыкы👍👍👍
ay_kiz_
4 Iýun 2022
👏👏👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.