Bir gün Teýmirleň Ependini ýanyna çagyryp:
– Düýn pylan ýerde meniň zalymlygym hakda gürrüň edipsiň. Kelläň bedeniňe ar-
tykmaçlyk edýän bolaýmasyn!? – diýip gaharlanypdyr. Ependi geň galyp:
– Patyşanyň jany sag, ömri uzak bolsun! Meniň diňe hiç kimiň bilmeýän-
eşitmeýän zatlary hakda gepleýän dilim seniň özüňe mälim ahyry. Seniň zalymlygyň
bolsa, hemme kişä mälim, uly-kiçi diýmän hemmeler seniň pähimsizligiň hakda
gürrüň edýär. Men iliň bilýän zadyny gaýtalap durar ýaly ýaňra däl. Kim saňa aýdan
bolsa, maňa töhmet atypdyr – diýip jogap beripdir.
Bir gün emir Teýmirleň Ependiniň gorkakdygyny ýa-da ýüreklidigini bilmek üçin
jellatlara:
– Ependini dardan asyň! – diýip buýrupdyr.
Jellatlar Ependini alyp barýarkalar, Teýmirleň oňa ýüzlenip:
– Hany, indi ahyrky sözüň, ýa wesýetiň bolsa, aýt! – diýipdir.
Ependi:
– Mende wesýet bolmaz. Ýöne, eý, hökümdar! Senden bir haýyşym bar, meni
dardan asanlarynda bogazymdan däl-de, bilimden assynlar, sebäbi boýnumyň gyjygy
gelýär – diýip, haýyş edipdir.
Layk basmagy unutman👍🙂