Diabet
03.06.2022
1
Saglyk
14
935
 

Süýji keseli näme?

Köplenç adamlaryň arasynda süýji keseli diýlip atlandyrylýan Diabet gandaky glýukozanyň (şekeriň) kadaly derejeden ýokarlanmagy we şoňa görä-de, adatça şeker bolmaly däl peşewde şekeriň bolmagydyr. 
Dürli görnüşleri bolan süýji keseli, biziň ýurdumyzda we dünýäde iň köp ýaýran keselleriň biridir. Halkara süýji kesel federasiýasy tarapyndan berlen statistiki maglumatlara görä, her 11 ulularyň birinde süýji keseli bar...

Süýji keseliniň alamatlary nämeler?

Süýji keseli, adamlarda üç esasy alamat bilen ýüze çykýar. Bular adaty ýagdaýdan has köp iýmek we doýmak duýgusy, ýygy-ýygydan peşew etmek, agzyň guraklygy we süýji bolmagy we şoňa görä-de aşa köp suw içmek islegi hökmünde görkezilip bilner. 

Bulardan başga-da, adamlarda görüp boljak süýji keseliniň alamatlary şulardyr:

Gowşaklyk we ýadawlyk

•Çalt we islegsiz horlanmak

•Bulaşyk görüş

•Aljyraňňylyk we aýaklaryň gysylmagy görnüşindäki oňaýsyzlyk

•Deriniň guramagy we gyjyndyrylmagy

•Agyzda asetona meňzeş ys emele gelýär

Süýji keseliniň görnüşleri:

1-nji görnüşli süýji keseli (insuline bagly süýji keseli): 

Adatça çagalykda, pankreatiki insuliniň ýeterlik däldigi ýa-da ýoklugy sebäpli daşarky insulini kabul etmek hökmany bolan süýji keseli.

2-nji görnüşli süýji keseli: 

Öýjükleriň gan şekerini kadalaşdyrýan insulin gormonyna duýgur bolmazlygy netijesinde ýüze çykýan süýji keseliniň bir görnüşi.

Süýji keseliniň sebäpleri näme?

Süýji keseliniň sebäpleri barada geçirilen köp gözlegleriň netijesinde genetiki we daşky gurşaw sebäpleriniň süýji keselinde rol oýnaýandygy barada netijä gelindi.

 Esasan 1 görnüşli süýji we 2-nji görnüşli süýji keseli ýaly iki görnüşli süýji keselinde keseli döredýän faktorlar bu görnüşlere görä tapawutlanýar.

 Genetiki faktorlar 1-nji görnüşli süýji keseliniň sebäplerinde möhüm rol oýnasa-da, gan şekeriniň kadalaşdyrylmagyna gatnaşýan insulin gormonyny öndürýän aşgazan asty mäzine zeper ýetirýän wiruslar we bedeniň goranyş ulgamynyň işlemezligi kesele sebäp bolýar. 

Mundan başga-da, süýji keseliniň has köp ýaýran görnüşi bolan 2-nji görnüşli süýji keseliniň sebäplerini şeýle düşündirip bolar:
~Semizlik (artykmaç agram)
~Süýji keseliniň maşgala taryhyna eýe bolmak
~Garrylyk
~Stress


Süýji keselini bejermegiň usullary 


Süýji keselini bejermegiň usullary keseliň görnüşine görä tapawutlanýar. 1-nji görnüşli süýji keselinde lukmançylyk iýmitleniş terapiýasy insulin bejergisi bilen bilelikde ünsli ulanylmalydyr. Näsagyň iýmitlenmegi, lukman tarapyndan maslahat berilýän insulin dozasyna we diyetist tarapyndan meýilleşdirilýär. Iýmitleriň uglewod düzümine görä insulin dozasyny sazlap boljak uglewodlary sanamagyň ulanylmagy bilen, 1-nji görnüşli süýji keseli bolan adamlaryň durmuşy has aňsatlaşyp biler. 2-nji görnüşli süýji keseli bolan adamlarda, bejergini dowam etdirmekden başga-da, öýjükleriň insulin gormonyna duýgurlygyny ýokarlandyrmak ýa-da insulin gormonynyň göni bölünip çykmagyny ýokarlandyrmak üçin agyzdan antidiabetiki dermanlary ulanmagy öz içine alýar.

❗Süýji keseli bilen kesellänlerde we maslahat berilýän bejeriş ýörelgeleri berjaý edilmedik ýagdaýlarda gan şekeriniň ýokary derejesi köp saglyk meselelerine, esasanam newropatiýa (nerw zeperlenmesi), nefropatiýa (böwreklere zeper) we retinopatiýa (retinanyň zeperlenmegine) sebäp bolýar. Şol sebäpden, süýji keseli bilen kesellän bolsaňyz, lukmanyň gözegçiliginde yzygiderli barlanmagy ýatdan çykarmaň! 


Hormatly myhmanymyzyň haýyşty boyunça:

Süýji keselinde özbaşdak newropatiýa sebäpli derleme mehanizminiň ýaramazlaşmagyndan döreýän aýaklaryň guraklygy, deriniň ýarylmagyna, çişmegine sebäp bolýar. Bu ýarylmalar kömelekleriň (fungı/ gribok) we beýleki bakteriýalaryň giriş nokadydyr. Bu bolsa ýarylmalaryň ösmegine we çuňlaşmagyna getirýär. Süýji keseli (diabetiki duýgur newropatiýa) sebäpli duýgur nerwleriň ýok edilmegi netijesinde näsag ýarany we aýagynyň agyrysyny duýmaýar. Ýara ulalanda hassada dürli göze ilginç alamatlaryň ýüze çykmagy bilen ýaranyň bardygyny bilse, ýara eýýäm aýaga howp salan hala gelýär. Süýji keseli sebäpli damar zeperlenmegi netijesinde aýaga gan ýetmezçiligi hem sebäp bolup bilýär. Ýokarda ýazylyşy ýaly diabetli adamlarda ýara juda haýal bitýär... (Bu ýagdaý ampultasiýa edilmek mejburyýetine getirýän halatlary az däl)...
Myhman Myhman
10 Fewral 2023
Dunyade in osen hazirki zaman bejeris usullary we Turkmenistanyn nirkerinde, dasary yurtlaryn haysysynda nahili amala bejerilyar
Euronewstkm
7 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍🇹🇲
Myhman Myhman
6 Iýun 2022
öran gowy maslahat
Heartbeat
3 Iýun 2022
Gowy yazypsynyz 👍👍👍

Gowy yazypsynyz 👍👍👍
Jenap_02
3 Iýun 2022
Chamomilae🌼, kimin okuwcysydygyn billirya 👍mlds 😁
Dusia
3 Iýun 2022
Myhman Myhman, ol alamatlara seredip şübhelenilýär soň ganyň biohimiki barlagy geçirilýär... Giperglikemiya bolsa(gant ganda köp bolsa) onda süýjili Diabet diýilip diagnoz goýulýar... Ýöne şu alamatlar aýry-aýry ýüzede çykyp biler, hemmesi birdenem ýüze çykyp biler, takyk kesgit ganyň biohimiki barlagy!
Myhman Myhman
3 Iýun 2022
👍👏👏👏👏👏👏👏👏
Myhman Myhman
3 Iýun 2022
Chamomilae,suyji diabet keseln alamatlaryny yazypsynyz sholaryn hemmesi dogry gelse keselmi yada kabir alamatlary dogry gelsede kesel bolyamy
Caryyewajeren
3 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👍
unknown_12
3 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.